Page 16 - Gujurly 2017
P. 16
ZEHIN UÇGUNLARY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň başda
durmagynda, türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine we onuň kämilleşmegine uly
üns berilýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda döredilen “Gujurly
ýaşlar” toparynyň döredijilik sergisiniň ýola goýulmagy, ýaşlarymyzyň sungat hakdaky
düşünjesiniň kämilleşmegine uly itergi berýär. Bu bolsa, ýokary okuw jaýymyzda bilim
alýan zehinli ýaşlarymyzyň sanynyň artmagyna özleriniň saýlap alan hünäriniň hak eýesi
bolmagyna getirýär. Ukyply we zehinli ýaşlarymyz okuw sapaklaryndan daşgary saýlap
alan temasy boýunça, ýylyň dowamynda halypalarynyň ýolbaşçylyk etmeginde,
bir näçe gözlegleriniň esasynda ýazjak eseriniň ýerine düşen pursadyny döretmäge
başlaýar. “Gujurly ýaşlar” sergisinde ýüz otuzdan gowrak, ýaşlaryň döredijilik sungat
eserleri görkezilýär. Çeper döredijilikli ýazylan eserlerde ýaşlarymyzyň yhlas bilen çeken
zähmetiniň netijesini duýmak bolýar. Zähmet, ýaşlaryň ruhy dünýäsinde berk ornaşyp,
ata-watanyna bolan söýgüsiniň ylham joşgunyny beýgeldýär. Ýaşlarymyzyň giň
many-mazmuna ýugrulan eserleri uly ölçeglerde ýerine ýetirilip, onda her biriniň çeper
sazlaşygynyň ruhy şöhlelenmesi emele gelýär. “Gujurly ýaşlar” toparynyň agzalarynyň
ýylyň dowamynda döreden nusgalyk galjak eserlerinde, sungatyň ýokary çeperçilik
ähmiýeti beýan edilýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan ýaşlarymyz
Zakirjan Babaýewiň “Lukman hekim”, Şageldi Orazlyýewiň “Kyrkgalandar” (Görogly),
Rahat Bäşimowyň “Görogly we Agaýunus”, Annagurban Halmyradowyň “Aziadanyň
açylyşy”, Baky Mommaýewiň “Welosipet ýaryşy”, Ýazgeldi Jumagulyýewiň “Açylyş
dabarasy”, Merdan Abdyrahmanowyň “Çapyşygyň öň ýany”, Muhammet
Gubaýewiň “Şükür bagşy”, Toýly Çopanowyň “Syrly göçüm”, Myratmergen Kuliýewiň
“Watanymyň waspy” Magtymguly Pyragy, Derýa Mämmetgulyýewiň “Konkur”, Kerim
Berdiýewiň “Türkmen göreşi”, Ahmet Orazmammedowyň “Nusaý monumenti”, Merjen
Hanowanyň “Bahar nagmalary” Jeren Bäşimowanyň “Sazlaşyk”, Gülşirin Hydyrowanyň
“Miras haly”, Serdar Agaýewiň “Küştdepdi”, Suraý Kerkiýewanyň “Harmandäli”, Jeren
Ataýewanyň “Mirasyň gözelligi”, Käkilik Hezretgulyýewanyň “Türkmen döredijiligi”,
Aýtäç Daşaýewanyň “Türkmen diş toýy” ýaly eserlerinde geçmiş taryhymyz, türkmen
milli däp-dessurlarymyz, türkmen tebigatynyň gözelligi, belli şahsyýetlerimiziň
gahrymançylykly keşpleri, bagtyýarlyk döwrümiziň waspy suratlandyrylýar.
Myratmergen Kuliýewiň “Magtymguly Pyragy. Watanyň waspy” atly eseri 300х480
sm ölçeginde bolup, kendiriň ýüzünde ýagly reňkler bilen ýerine ýetirilendir. Ýaş ussadyň
monumental nakgaş eseri Magtymguly Pyragynyň “Habar ber-şeýledir” atly ýazan
goşgusynyň esasynda beýan edilýär. Suratkeş eseriň merkezinde esasy gahrymanlar
Magtymguly Pyragy bilen Durdy şahyry goýup, sag tarapda saçak başynda oturan
han we onuň wekilleri, serpaý ýapyp duran täjirleri, çep tarapda bolsa, ýere köküni
berk uran çynar agajynyň ýanynda sazandanyň, daýhanyň, çopanyň we ylymly
adamlaryň, soňky meýilnamada al-ýaşyl öwüsýän Gerkez obasynyň gözel tebigaty
16