Page 20 - Gujurly 2017
P. 20
ÝAŞLARYŇ JOŞGUNY
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýamyzyň Sergiler jaýynda ýaşlaryň
ukyp başarnyklaryny has-da ýüze çykarmak maksady bilen zehinli talyplardan düzülen
“Gujurly ýaşlar” toparynyň ýerine ýetiren işleriniň ajaýyp sergisi geçirildi. Bu sergide
zehinli talyplaryň 170 golaý işleri bilen gatnaşyp, toparyň agzalarynyň her biri ýylyň
dowamynda özleriniň nusgalyk galjak eserlerini döretmäge synanyşdylar. Döredilen
eserlerde talyplaryň yhlas bilen zähmet çekendiklerini duýmak bolýar.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň taryhy sahypalaryna giren şanly wakasy
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary talyp ýaşlarda uly täsir
galdyrandygyny olaryň döreden sungat eserlerinde hem görmek bolýar. Nakgaş
eserlerinden Sähra Rejepowanyň “Aziada”, Merjen Çaryýewanyň “Meýletinçiler”,
Annagurban Halmyradowyň “Aziadanyň açylyşy”, grafika eserlerinden Söhbet
Gylyjowyň “Küşt”, Gyzylgül Hudaýberdiýewanyň “At çapyşyk”, heýkel eserlerinden
Jumamuhammet Jumaniýazowyň “Ýeňil atletikanyň görnüşleri”, Seýitmyrat
Myradowyň “Basketbol” ýaly işlerinde Aziada günleriniň ajaýyp pursatlary ýaş
suratkeşleriniň döredijiliginde sportda dostlugy, ruhubelentligi, sagdynlygy wasp
edýändigine şöhlelendirýär.
Milli Liderimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan
ugur alyp işlemek, biz talyp ýaşlarda uly hyjuw döredýär. Meret Meredowyň “Beýik
Ýüpek ýoly” atly dizaýn işi, Döwletgeldi Gurtmyradowyň “Kerwen”, Azym Gurbanowyň
“Türkmenistan. Beýik Ýüpek ýoly” ýaly keramika işleri munuň aýdyň şaýatnamasydyr.
Gujurly ýaşlar dürli temalar bilen bir hatarda taryhy wakalaryna esaslanan belli
şahsyýetleriň gahrymançylykly keşplerini, medeni mirasymyzy wasp edýän işleri hem
döretdiler. Toýly Çopanowyň “Syrly göçüm” atly nakgaşlyk işinde taryhdan alnan
pursat şekillendirilýär. Kompozisiýa türkmeniň taryhy şahsyýetlerinden bolan Gowşut
han bilen baglanyşykly bolup, onda gajar hanyna bendilige düşen türkmenleri halas
etmek üçin gelen Gowşut han we Täç gök serdar janlandyrylýar. Gajar hany Apbas
han küşt oýnuny oýnamakda Täç gök serdar bendilikdäki türkmenleri azat etjekdigini
şert etmegi netijesinde gyzgalaňly oýun başlaýar. Talyp bu eserinde Täç gök serdaryň
ýüzindäki pikiri, aladany, aýgytly göçüm üçin howatyrly bolup oýlanşykly duran
pursatyny bermegi başarypdyr. Keşpleriň her birine aýratyn häsiýet bermegi başaran
talyp olaryň lybaslaryny hem etnografik maglumatlaryndan peýdalanyp şekillendirýär.
Ýyly reňk sazlaşygy, ýagty kölegeleriň oýuny esere syn edýän tomaşaçyda şol aýgytly
pursaty hakyky ýaly göz öňüňde janlanýar.
Myratmergen Kulyýewiň “Magtymguly Pyragy. Watanyň waspy” atly monumental
nakgaşlyk eserinde toý meýlisde Magtymguly bilen Durdy şahyryň “Habar ber,
şeýledir” atly goşgusyny aýdyşyp duran pursatlaryny şekillendiripdir. Kompozisiýanyň
merkezinde ýöräp gelýän Magtymguly Pyragynyň keşbinde akyldar şahyryň dünýä
baradaky pelsepewi garaýyşlaryň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Kompoziýanyň
sag tarapynda gojaman çinaryň kölegesinde Magtymguly Pyragynyň atasy
20