Page 13 - Gujurly 2017
P. 13

jemgyýetçilik  binalarynyň  içki  bezeginiň  görnüşini  görkezipdirler.  Ata  Mohammad
                             Ahmed häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanyp, 3D ölçegindäki elektrik lampany
                             ýerine  ýetiren  bolsa,  Döwletmämmet  Nyýaztuwakow  küşt  görnüşindäki  açylyp-
                             ýygnalýan  mebeliň  nusgasyny  döredipdir.  Ony  diwaryň  bezegi  we  oturgyçly  stol
                             hökmünde hem peýdalanyp bolýar.  Meret Meredow «Beýik Ýüpek ýoly» atly dizaýn
                             taslamasyny tebigy adaçdan döredip, onda güberçekli görnüşindäki düýe kerweni
                             we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň ýadygärlikleriň maketlerini
                             goýupdyr.  Dizaýn  taýdan  çemeleşme  we  türkmen  nagyşlary  görnüşindäki  dürli
                             utgaşmalar Ogulşirin Rejepowanyň «Tans sporty», Jeýran Umarowanyň «Milli äheňleri»,
                             Aýbölek  Babajanowanyň  «Narlar»  we  Jeren  Babaýewanyň  «Milli  natýurmort»  ýaly
                             eserlerinde öz beýanyny tapypdyr.
                                     Sport  üstünlikleriniň  şahyranalygy  diňe  bir  nakgaşlyk  we  heýkel  eserlerinde
                             öz  beýanyny  tapman,  eýsem  amaly-haşam  sungatynyň  eserlerinde  giňden
                             şekillendirilýär.  Mähri  Annamyradowanyň  «Tizlik»,  Gülşat  Ýollyýewanyň  «Küştçiler»,
                             Jeren  Rahmanberdiýewanyň  «Atly  ýöriş»,  Zübeýda  Sytdyhowanyň  «Sport»  ýaly
                             gobelenlerinde, Begenç Amanowyň «Küşt», Hemra Taganowyň «Basketbol» zergärçilik
                             önümlerinde,  Ahmetguly  Annageldiýewiň,  Atamyrat  Döwletowyň  keramikasynda
                             häzirki  zaman  haşam  dili  we  türkmen  halk  sungatynyň  çeper  däpleri  sazlaşykly
                             peýdalanypdyr.
                                     Türkmen halk döredijiligi Gurbangül Esengulyýewa («Küştdepdi» haşam güldany),
                             Käkilik Hezretgulyýewa («Bäş welaýatynyň folklýor topary» kiçi heýkeltaraşlygy) üçin
                             ylham  çeşmesi  bolup  hyzmat  edipdir.  Gülşirin  Hydyrowanyň  nepislik  bilen  dokalan
                             «Miras» atly haly eseriniň kompozisiýasy Türkmenistanyň orta asyr arhitekturasyndaky
                             «girih» nagşyny ýatladýar. Nakgaşlygyň we grafikanyň çeper usullarynyň ussatlyk bilen
                             peýdalanylyşyny gönüburçly syrçaly plitkalardan düzülen Döwletgeldi Gurtmyradowyň
                             «Beýik  Ýüpek  ýoly»  atly  keramika  pannosynda  görmek  bolýar.  Bu  çözgüt  her  bir
                             tomaşaça Garagumdan geçýän kerweniň pursatyny göz öňüne getirmäge ýardam
                             berýär.
                                     Sergide Sungaty öwreniş kafedrasynyň talyplary dünýä we türkmen şekillendiriş
                             sungatynyň taryhyna bagyşlanan kataloglaryň we kitaplaryň maketlerini görkezdiler.
                             Işleriň  köpüsinde  ilkinji  gezek  Garaşsyz,  baky  Bitarap  Türkmenistanyň  häzirki  zaman
                             suratkeşleriniň döredijilik eserlerinde sungaty öwrenijilik derňewleri beýan edilip, şeýle
                             hem muzeýlerde we şahsy ýygyndylarynda saklanylýan işleriň fotosuratlary ýerleşdirilen.
                             Ýaş sungaty öwrenijiler özlerini ussat dizaýnerler hökmünde görkezip, berlen temany
                             açmakda özboluşly çözgütleri tapypdyrlar.
                                     «Gujurlý ýaşlar» döredijilik toparynyň sergisi – ýaş we zehinli suratkeşleriň hem-de
                             sungaty  öwrenijileriň  sagdyn  durmuş  ýörelgesiniň  wagyz-nesihat  etmegiň,  milli  däp-
                             dessurlaryna  hormat  goýmagyň  we  berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe
                             häzirki zaman Türkmenistanyň özgerýändiginiň we öňe gidýändiginiň  aýdyň mysalydyr.


                                                                                                                   Jeren Baltaýewa,
                                                                        Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
                                                                                   Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy






















                                                                                                                                        13
   8   9   10   11   12   13   14   15   16   17   18