Page 15 - Gujurly 2017
P. 15

Magtymgulynyň sag tarapyna jemlenen dürli ýaşdaky adamlaryň arasynda bäri çetde
                             itiň ýanynda oturan eli taýakly çopanyň, eli küştli ýaş ýigidiň, eli tüpeňli awçynyň, eli pilli
                             daýhanyň, eli dutarly sazandanyň keşpleri bolsa, türkmen halkynyň şol döwürde hem
                             çopançylyk, awçylyk, sport, daýhançylyk we saz sungaty bilen meşgullanandyklaryny
                             hem-de islendik kärdäki adamlaryň  nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasyna  hormat
                             goýandyklaryny,  beýik  şahyryň  döredijiligini  söýendiklerini  alamatlandyrýar.  Olaryň
                             arka  tarapynda  şekillendirilen  daragt  bolsa,  nesil  daragty  bolup,  ol  biziň  neslimiziň
                             dowamat-dowam bolup gelýändigini suratlandyrýar. Daragtyň aňyrsynda ahal-teke
                             bedewiniň we onuň üstündäki erkek adamyň keşbi bolsa, türkmen halkynyň bedewe
                             bolan  söýgüsini  hem-de  bedew  türkmenleriň  durmuşynda  wajyp  orny  eýeländigini
                             açyp görkezýär.
                                     Magtymgulynyň  çep  tarapynda  toý  tutup  oturan  adamynyň  we  onuň
                             töweregindäki  myhmanlarynyň  keşbine  ser  salanyňda,  olaryň  şahyry  üns  bilen
                             diňläp  oturandyklaryny  görýärsiň.  Olaryň  öňündäki  näz-nygmatlar  türkmenleriň  milli
                             tagamlary  bolup,  olar  biziň  toýlarymyzyň  bezegi  hasaplanypdyr.  Çünki,  türkmenler
                             örän  myhmansöýer  halk  bolupdyrlar.  Olar  “Myhman  ataňdan  uly”  diýen  atalar
                             sözünden ugur alyp, myhmana hezzet-hormat edipdirler. Şonuň üçin awtor taslamanyň
                             sýužetinde türkmen halkynyň ähli döwürlerde hem myhmansöýer bolandygyny belleýär.
                             Taslamada ýerde eli kündükli oturan ýaş ýigidiň keşbi hem her bir tomaşaçynyň ünsüni
                             özüne çekýär. Munda ýaş ýigit üns bilen kündügini elinde saklap, şahyryň goşgusyny
                             diňläp otyr. Ol ýaşulylaryň eline suw akydyp bermek üçin garaşyp otyr. Taslamadaky
                             bu epizod biziň ýaş nesillerimiziň  ula hormat goýýandyklaryny aňladýar. Ýaş ýigidiň
                             arka  tarapynda  oturan  ýaşulynyň  elindäki  hasasynda  ýylanyň  keşbi  şekillendirilip,
                             ol  Magtymgulynyň  “Habar  ber,  şeýledir”  atly  goşgusyndaky:  “Ol  ýylandyr,  aýagy
                             ýok towusýan” diýen setirleri bilen baglanşyklydyr. Hasanyň ýokarsynda günüň şekili
                             ýerleşdirilip,  oňa  degip  duran  ýylanyň  kellesi  aýa  meňzeş  edip  şekillendirilipdir.  Bu
                             bolsa, goşgudaky “Ol aý-gündür, biri-birinden aladyr” diýen setirleri bilen baglanşykly
                             döredilipdir.  Taslamadaky  adamlaryň  arka  tarapyndaky  nagyşly  binalaryň  keşbiniň
                             üsti bilen awtor bilim ojagy bolan medresäni görkezmek isläpdir. Çünki, türkmen halky
                             ähli döwürde hem bilime, ylyma aýratyn ähmiýet beripdir. Binanyň ýokarsyndaky gyz
                             şahyryň  söýen  gyzy  Meňli  bolup,  ol  söýgüniň  nyşany  hökmünde  suratlandyrylypdyr.
                             Binanyň  ýokarsynda  oturan  gelinleriň  keşbiniň  üsti  bilen  awtor  aýal-gyzlaryň  hem
                             şahyryň goşgularyna goýan hormatyny aýtmakçy bolupdyr.
                                     Taslamada  binanyň  gapysynyň  ýokarsynda  asylgy  duran  kapasanyň  içindäki
                             guş simwoliki keşp bolup, ol şahyryň goşgularynda beýan etmegine görä, “guş-jan,
                             ten-kapasa”  hasaplanypdyr.  Taslamanyň  merkezindäki  eli  golýazmaly  oglanjygyň
                             keşbinde beýik şahyr Magtymgulynyň edebi mirasynyň häzirki döwürde-de uly söýgi
                             bilen öwrenilip gelinýändigini görkezýär.
                                     Umuman  talyp  Kulyýew  Myratmergeniň  bu  taslama  işinde  durmuş  filosofiýasy
                             ýatandyr.  Onuň  sýužetiniň  akgynly  berilmegi,  onda  durmuş  wakalarynyň
                             aýratynlyklarynyň  açylyp  görkezilmegi,  bilime-ylyma  ähmiýet  berilmegi    aýratyn
                             bellärliklidir. Şonuň üçin bu nakgaş eseri biziň ýaşlarymyzy watansöýüjilik, ynsanperwerlik
                             ruhunda terbiýelemekde, ylyma we bilime höwesini artdyrmakda, edebi mirasymyza
                             söýgi döretmekde ähmiýeti uludyr.


                                                                                                            Orazgözel Utamyşewa,
                                                                        Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
                                                                Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy












                                                                                                                                        15
   10   11   12   13   14   15   16   17   18   19   20