Page 21 - Gujurly 2017
P. 21
Döwletmämmet Azady we dürli hünärlerdäki adamlaryň dykgat bilen diöläp duran
pursatlary şekillendirilse, eseriň çep tarapynda toý tutup oturan adamynyň we onuň
töweregindäki myhmanlarynyň, söwdagärleriniň keşpleri görkezilen. Olaryň öňündäki
näz-nygmatlar türkmenleriň bereketli türkmen saçagynyň alamaty hökmünde kabul
edilýär.
Şageldi Orazlyýewiň “Görogly we Kyrkgalandar” atly monumental eseri
Görogly eposyndan ýerine ýetirilip, onda Kyrkgalandaryň myhmançylyga gelip
kiçijek Göroglynyň Jygalybeg atasyndan sorap duran pursady şekillendirilýär. Şageldi
öz eserinde türkmen halkynyň myhmansöýerligini, sylag-hormatlylygyny görkezjek
bolýar. Köp şekilli kompozisiýa dürli hereketliligi we türkmen dagly peýzažynyň owadan
görnüşi bilen aýratyn tapawutlanýar. “Görogly” şadessanyndan alnan pursatlaryny
suratlandyrýan eserleriň ýene-de biri Rahat Bäşimowyň “Görogly we Agaýunus
peri” atly işidir. Görogly Agaýunus perini düýşünde görüp, onuň gözlegine çykyp,
dürli kynçylyklardan soň ony tapan pursady berilýär. Keşpleriň dürliligi, ýagty-kölege
sazlaşygy, yssy we ýagty reňkleriň kömegi bilen dogry reňk öwüşgünleriň ulanylmagy,
perilere mahsus bolan mylaýymlygy görkezýär. Agaýunus periniň taslamanyň
merkezinde ýerleşdirilip, daş-töweregi kenizleri bilen gurşalan. Göroglynyň bolsa bar
ünsi Agaýunus peride. Talyp taryhy žanryň içinde natýurmort žanryny hem ulanmagy
başarypdyr. Muňa mysal edip, onuň birinji meýilnamada ýerleşdirilen miweler bilen
bezelen stoluny görkezmek bolar.
Muhammet Gubyýew “Şükür bagşy” atly monumental nakgaş eserinde
türkmen taryhynda uly yz galdyran şahsyýetleriň keşbi şeýle hem, taryhy wakalar bilen
baglanşykly dürli pursatlar öz beýanyny tapýar. Muhammet Gubyýew “Şükür bagşy”
atly monumental nakgaş eserinde öz doganyny ýesirlikden halas etmek üçin atyna
atlanyp Eýran şasynyň ýanyna barmaga ýola çykan pursaty janlandyrylypdyr. Şükür
bagşy elinde dutary bilen kompoziýanyň merkezinde berilýär. Kompozisiýanyň belli
bir bölegini eýeläp duran tut agajy berk ynamyň we ýürekdäki umydyň aýdyň nyşany
hökmünde şekilledirilýär.
Zakirjan Babaýewiň “Lukman hekim” atly monumental nakgaşlyk eserinde çarwa
hany Lukman hekimi ýarawsyz ýatan oglunyň ýanyna eltilen pursady görkezilipdir.
Talyp bu ýerde Lukman hekimiň dürli otlardan derman ýasap, adamlara kömek
edendigini şu nakgaş eseriniň üsti bilen aýdyň görkezilýär.
“Bagtyýar nesil döredijilik äleminde” atly döredijilik sergisi Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň zehinli ýaşlaryň sagdynlygy, ruhubelentligi, medeni
mirasymyzy, edebiýatymyzy giňden şöhlelendirýändigini görkezýär. Türkmenistanyň
Medeniýet ministrligi, Bilim ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Demokratik
partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi
geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň
ilkinji guramasy tarapyndan has tapawutlanan talyplara sowgatlar gowşuryldy.
Jumagül Myradowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň II ýyl talyby
Nesil
2017- ji ýylyň 19-njy dekabry
21