Page 12 - Gujurly 2017
P. 12

atly işinde Ata Taganyň «Saragt galasy» romanynyň iň gyzykly pursaty bolan, ýagny
                  Gowşut  hanyň  Täçgök  serdar  bilen  bilelikde  küşt  oýnunyň  kömegi  bilen  egindeşini
                  halas edýändigini görkezýän bir parçany suratlandyrýar. Sergä gelen tomaşaçylaryň
                  her birini Zakirjan Babaýewiň «Lukman hekim» atly monumental nakgaş eseri aýratyn
                  hem özüne çekip, onda Gündogaryň belli alymy, pelsepeçisi we lukmany bilen bagly
                  rowaýatyň mazmuny açylýar. Kompozisiýanyň merkezinde dermanlyk ösümliklerden
                  hanyň ogluna derman berip duran Ibn Sinanyň keşbi berlipdir. Eseriň sag gapdalynda
                  hanyň hyzmatkärleri we kürside oturan hanyň özi, çep gapdalynda bolsa dürli halklaryň
                  lukmanlarynyň  şekilleri  çekilipdir.  Altynsow,  goňur,  gyrmyzy  reňkleriň  öwüşginleriniň
                  agdyklyk etmegi gahrymanlaryň tolgundyryjy ýagdaýyny duýmaga ýardam berýär.
                  Grafika  kafedrasynyň  gujurly  ýaşlary  hem  sporta  bolan  höwesini  görkezipdirler.
                  Dünýägözel  Akyniýazowanyň  «Tans  sporty»,  Mähri  Welmyradowanyň  «Suwda
                  ýüzmek»  ýaly  grafika  eserleri  nakgaşlyk  erkinligi,  ruhubelentligi  bilen  tapawutlanyp,
                  işleri  monumental  nakgaşlygynyň  keşp  çözgüdi  bilen  ýakynlaşdyrýar.  Gülaýym
                  Rejepowanyň «Tans sporty. Çagalar» we Atamyrat Çaryýewiň «Welosport» ýaly eserleri
                  tomaşaçylaryň ünsüni durmuşylygy we akýürekliligi bilen özüne çekip, Türkmenistanyň
                  ýaş  nesliniň  sport  durmuşyndaky  pursatlaryna  esaslanýar.  Döwletgeldi  Gurbanow
                  grafika  listinde  ak-garanyň  oýnuny  ussatlyk  bilen  peýdalanyp,  inçe  çyzyklar  bilen
                  küşt  oýnuny  pelsepewi  taýdan  açmagy  başarypdyr.  Ahalteke  bedewleriniň  syratly
                  keşpleriniň we olaryň çalt hereketleriniň gözelligini Gyzylgül Hudaýberdiýewanyň «At
                  çapyşyk» atly grafika eserinde hakykylyk bilen görkezilýär.
                         Sport temasy ýaş heýkeltaraşlaryň eserlerinde hem öz şöhlelenmesini tapypdyr.
                  Basketbol,  ýeňil  atletika,  sambo,  tans,  küşt,  gimnastika  ýaly  sport  görnüşleriniň
                  türgenleriniň iň dartgynly pursatlaryny, daşyndan çala görünýän ýüz-gözüň hereketini,
                  bedeniň  myşsalarynyň  oýnuny,  elleriň  we  aýaklaryň  myşsalarynyň  dartgynlygynda
                  şöhlelendirip,  olaryň  gözelligi  ýagty-kölegäniň  oýny  bilen  üsti  ýetirilip,  bütewi  çeper
                  keşbi döredýär. Ýaş heýkeltaraşlaryň peýdalanýan çeper dili özboluşly bolup, sport
                  temasyny açmaklyga wajyp usul bolup hyzmat edipdir.
                         Türkmenistanyň medeni mirasy Serdar Agaýewiň «Küştdepdi», Suraý Kerkiýewanyň
                  «Harmandäli» eserlerinde öz beýany tapyp, esasy üns däpleri şekillendirmekligi talyplaryň
                  olaryň  manysyny  aňmagyna,  milli  häsiýetiň,  halk  dessurlarynyň,  garaýyşlarynyň  we
                  adatlarynyň özboluşlylygyny görkezmäge berlipdir. VI ýylyň talyby Maksat Nurmetow
                  Türkmenistanyň  taryhyna  esaslanyp,  1040-njy  ýylyň  Daňdanakan  söweşini  açýan
                  özboluşly heýkel kompozisiýasyny döredipdir. Munuň üçin ol küşt tagtasyny peýdalanyp,
                  emeli  mermerde  Gaznawylar  we  Seljuklar  döwletleriniň  goşunyny  alamatlandyrýan
                  heýkeljiklerini  döredipdir.  Begmyrat  Akynow  görnükli  opera  aýdymçysy  Atageldi
                  Garýagdyýewiň portretini ýerine ýetirmek bilen, onuň daşky keşbini we ruhy dünýäsini
                  şöhlelendiripdir.
                         Türkmenistanyň  ýaş  arhitektorlarynyň  kompozisiýalarynda  milli  äheňleriň
                  şöhlelenmesini  diňe  bir  desgalaryň  çeper  bezeginde  däl-de,  eýsem  giňişlik
                  göwrümleriň  ulanylyşynda  hem  aýdyň  görünýär.  Şeýle  hem  olaryň  häzirki  zaman
                  arhitekturasy boýunça ýerine ýetirilen taslamalarynda eklektizmiň giň peýdalanyşyna
                  bolan  ymtylmasy,  ýagny  dürli  akymlaryň  sazlaşygy  we  stilistik  bezeginiň  erkin
                  seçip  almasy  görünýär.  Serdar  Nurmuhammedowyň  «Atçylyk  akademiýa»,  Ýusup
                  Orazmämmedowyň «Bedew muzeýi», Pälwanberdi Nuryýewiň «Bedew uniwersiteti»,
                  Mekan Baýryýewiň «Sport muzeýi», Aýlar Gurbangylyjowanyň «Häzirki zaman sungatyň
                  muzeýi»  ýaly  taslamalarynda  jemgyýetçilik  binalaryň  özboluşly  kompozisiýalary
                  görkezilipdir.
                         Ýaş  suratkeş-dizaýnerler  geljekde  häzirki  zaman  senagat  önümçiliginiň  işine
                  girişjekdigini  göz  öňüne  tutup,  sergide  olar  döwrebaplyk,  täzelik,  peýdalylyk,
                  konstruktiwlik  we  tygşytlylyk  ýaly  esaslaryna  daýanýan  önümleriň  taslamalaryny,






                  12
   7   8   9   10   11   12   13   14   15   16   17