Page 11 - Gujurly 2017
P. 11

BAGTYÝAR NESIL DÖREDIJILIK


                                                                                                          ÄLEMINDE








                                     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş suratkeşleriň döredijilik äleminiň
                             özboluşlylygyny  ýüze  çykarmaga  uly  ýol  açyldy.  2017-nji  ýylyň  15-nji  dekabrynda
                             Türkmenistanyň  Medeniýet  ministrligi,  Bilim  ministrligi,  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň
                             Milli  Merkezi,  Demokratik  partiýanyň  Syýasy  Geňeşi,  Magtymguly  adyndaky  Ýaşlar
                             guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gurnalan  «Bagtyýar nesil döredijilik äleminde»
                             atly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň döredijilik işleriniň
                             sergisiniň açylmagy hem munyň aýdyň subutnamasydyr. Serginiň ekspozisiýasynda bu
                             sungat ojagynda döredilen «Gujurly ýaşlar» toparyna girýän zehinli talyplaryň 170-den
                             gowrak işleri görkezilip, saýlanan eserleriň awtorlaryna bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik
                             guramalary  we  TDÇA-nyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  ilkinji  guramasy  tarapyndan
                             gymmatly sowgatlary hem-de ähli gatnaşyjylara hormat hatlary gowşuryldy.
                                     Hormatly  Prezidentimiziň  başlangyjynda  2017-nji  ýylyň  Sagdynlygyň  we
                             ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi we şol ýylyň taryhy wakalarynyň biri bolan
                             Ýapyk  binalarda  we  söweş  sungaty  boýunça  V  Aziýa  oýunlarynyň  geçirilmegi  ýaş
                             suratkeşleriň  döredijiliginde  uly  seslenme  tapdy.  Eýýäm  2017-nji  ýylyň  başynda  bu
                             temanyň  işlenilmegine  girişen  talyplar  TDÇA-nda  işleýän  halypalaryň  goldamagy
                             esasynda gözlegleri geçirip, öz pikirlerini ýerine ýetirip başladylar. Sporty we sagdyn
                             durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde sergidäki nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk,
                             gobelen,  keramika,  zergärçilik,  dizaýn  işleri  aýratyn  orun  tutýar.  Aziada  2017-niň
                             wakalary bilen içgin tanyşmak bilen ýaş suratkeşler Olimpiýa şäherçesinde geçirilen
                             sportuň 21 görnüşiniň ýaryşlaryny gözi bilen görüp, öz kompozisiýalary üçin iň gyzykly
                             pursatlaryny saýlap almagy  başarypdyrlar. Şeýlelikde Ýazgeldi Jumagylyjowyň «Açylyş
                             dabarasy» atly nakgaş eserinde ahalteke bedewini çarpaýa galdyran «Galkynyş» milli
                             at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýewiň alawyň oduny
                             sekizburçly  ýyldyzyna  ýetirýän  pursaty  şekillendirilipdir.  Agaberdi  Rejepowyň  «Ýeňil
                             atletika»,  Serdar  Tekäýewiň  «Futzal»,  Rüstem  Haýytmyradowyň  «Tans  sporty»,  Nepes
                             Nobatowyň «Welotrek», Derýa Mämmetgulyýewiň «Konkur», Kerim Berdiýewiň «Türkmen
                             göreşi» ýaly işlerini göreniňde V Aziýa oýunlarynyň dowamyndaky sport wakalarynda
                             türgenleriň  güýjüni,  çalasynlygyny,  çeýeligini,  çydamlylygyny  duýmak  bolýar.  Ýaş
                             nakgaşçylaryň sporta we bedenterbiýä mahsus bolan täzeligi we özboluşlylygy bilmäge
                             bolan  ymtylma  Baky  Mommaýewiň  «Welosipedli  ýöriş»,  Bagtyýar  Begsähedowyň
                             «Golf», Ruslan Abdullaýewiň «Türgenleşik», Didar Allakowyň «Grek-rim göreşi», Gulşat
                             Çaryýewanyň «Buzly köşkde» ýaly eserlerinde öz beýanyny tapdy.
                                     2017-nji  ýylyň  ruhubelentligini  Myratmergen  Kulyýewiň  «Magtymguly  Pyragy.
                             Watanyň waspy» atly monumental nakgaşlyk eserinde şöhlelendirilip, onda suratkeş
                             köpsanly  häsiýetli  bölekleri  we  eseriň  ähli  gahrymanlarynyň  duýgy  aýratynlyklaryny,
                             ajaýyp dag peýzažyny, orta asyr binagärliginiň içki görnüşiniň bezegini görkezmäge
                             ymtylypdyr.  Şageldi  Orazlyýewiň,  Rahat  Bäşimowyň  nakgaş  eserleri  «Görogly»
                             şadessanynyň mazmunyna esaslanan bolsa, onda Toýly Çopanowyň «Syrly göçüm»






                                                                                                                                        11
   6   7   8   9   10   11   12   13   14   15   16