Page 14 - Gujurly 2017
P. 14
DURMUŞYŇ
ÝAKYMLY PURSATY
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen edebi mirasymyzy şekillendiriş sungatynda
şekillendirmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şonuň üçin Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary şekillendiriş sungatynyň dürli
ugurlarynda türkmen edebiýatynyň görnükli şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň keşplerini
hem-de olaryň döreden ajaýyp eserleri esasynda sungat eserlerini döredýärler we
olary sergileriň üsti bilen halk köpçüligine ýetirip durýarlar. Her ýylyň dekabr aýynda
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Bilim ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli
merkezi, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen
bilelikde akademiýanyň Sergiler jaýynda “Gujurly ýaşlar” atly talyplaryň döredijilik
işleriniň sergisi geçirilýär. Däp bolşy ýaly, şu 2017-nji ýylyň dekabr aýynda hem talyp
ýaşlaryň döredijilik işleriniň sergisi açyldy. Bu sergide zehinli talyplaryň nakgaş, grafika,
heýkel, kulalçylyk, zergärçilik, halyçylyk işleri sergilendi. Sergä hödürlenen işler dürli
temalarda bolup, olar örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Bu sungat eserleriniň
arasynda edebi mirasymyza we edebiýatyň nusgawy wekilleriniň keşplerine bagyşlanyp
döredilen eserler mende has-da ýakymly täsir galdyrdy. Olaryň biri hem, ХVIII asyr
türkmen edebiýatynyň beýik söz ussady, türkmen edebi dilini esaslandyryjy, pelsepeçi,
ussat şahyr Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen baglanşykly döredilen nakgaşçylyk
eseridir.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk we taslama”
kafedrasynyň 5-ýyl talyby Kulyýew Myratmergen bu eserinde beýik şahyr Magtymguly
Pyragynyň durmuşyndan bir pursaty şekillendiripdir. Ol bu nakgaşçylyk taslamada
toý meýlisde Magtymguly bilen Durdy şahyryň “Habar ber, şeýledir” atly aýdyşyk
goşgusyny aýdyşyp duran pursatlaryny şekillendiripdir. Bu taslamada beýan edilýän
sýužet yzygiderli berlipdir. Taslamanyň merkezinde nusgawy şahyr Magtymguly bilen
Durdy şahyr ýerleşdirilip, olar biri-birine bakyşyp, aýdyşyk goşgularyny aýdyp durlar.
Bu goşguda Durdy şahyr Magtymgula sorag berýär, Magtymguly bolsa öz çuňňur
zehini bilen onuň jogabyny aýdýar. Magtymgulynyň aňyrsyndaky al-ýaşyl öwsüp
oturan giňiş meýdan, üstüňe abanyp duran gözel daglar, onuň dogduk mekany
bolan Gerkeziň tebigatydyr. Çünki, şahyr öz goşgularynda Gerkeziň tebigy gözelligini
taslamada şekillendirilişi ýaly suratlandyrýar. Magtymgulynyň sag tarapynda onuň atasy
Döwletmämmet Azady bilen ahunlar şekillendirilip, olaryň keşbi hem Magtymgulynyň
durmuşy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Sebäbi, Magtymguly ilkinji bilimi we terbiýäni
öz atasy Azadydan alýar. Soňra bolsa, belli ahunlardan bilim alyp, döwrüniň ussat
şahyry we alymy bolup ýetişýär. Azadynyň elindäki kitap, onuň örän okamyş adam
bolandygyndan habar berýär. Olar üns bilen bu iki şahyryň goşgusyny diňläp otyrlar.
Olaryň aňyrsynda bir eli küýzeli, beýleki eli käseli ýaş ýigit bolsa, ahunlara hormat bilen suw
guýup berip dur. Bu bolsa, ýaş nesilleriň ula goýan sylag-hormatyny alamatlandyrýar.
14