Türkmen sungatynyň ussady

Medeniýet döwrüne garamazdan ynsan gatnaşyklaryny pugtalandyrýan, adamlara egsilmez ruhy lezzeti eçilýän güýç hasaplanypdyr.  Medeniýet düşünjesi giň we köptaraply bolup, ol sungat bilen berk baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri birnäçe senetler bilen meşgul bolupdyrlar. Şol senetleri döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmegi we kämilleşdirmegi başarypdyrlar. Kämillik derejesine  ýetirilen senetler sungat diýlip atlandyrlypdyr. Sungaty öwreniji alymlar üçin sungatyň taryhy baý miras hökmünde çuňňur öwrenilýär. Milli sungatymyzyň taryhynda ägirt sahypa miras goýýan halypa suratkeş Yzzat Gylyjowdyr. SSSR-iň halk suratkeşi, SSSR-iň Çeperçilik akademiýasynyň habarçy agzasy Y. Gylyjow diňe suratkeş bolman, ol sungaty öwreniji hökmünde halka özüni tanadýar. 
Türkmen suratkeşleriniň topary 1960-njy ýyllardan soň has berkleşýär we kamilleşýär. Şonuň esasynda täze döwür bilen baglanyşykly peýzaž žanryna degişli ajaýyp eserler döräp başlaýar. Eserler mazmun, kompozisiýa, reňk taýdan has-da kämilleşýär. 1960-njy ýyllar türkmen sungaty üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy. Sungat ösýär we halkara derejesine çykýar. Şol döwürde nakgaşçylykda “gazaply stil” ýörgünli bolýar. Bu ugurdan Türkmenistanyň halk suratkeşi Y.Gylyjow birnäçe eserleri döredýär. Ussat suratkeş monumentallaşdyrylan kompozisiýaly “Suwa tarap ýol” (1959), “Newada buz süýşýär” (1959), “Göwher daglary” (1960) eserlerini ýazýar. Ussadyň tebigat bilen bagly eserleri Y.Gylyjowyň watan topragyna bolan söýgüsini äşgär edýär. Y. Gylyjow türkmen tebigatyny jany-teni bilen söýen halypadyr. Türkmeniň milli reňkleri bilen öz halkynyň zähmetsöýerligini, tebigatynyň tükeniksiz gözelligini, türkmen dünýäsiniň sazlaşygyny öz eserlerinde çeper taýdan baý mazmunda beýan edýär. 
1960-njy ýyllarda türkmen sungatynyň esasy aýratynlygy göwrümleriň umumylaşdyrylmagy, eseriň çeper diliniň şertliligi, bölekleriň takyk saýlanylmagy, reňk çözgüdiniň çugdamlylygy hasaplanýar. Türkmen beýik medeniýeti bilen nakgaşçylygyň syrly alamatlaryny dünýä äşgär edip gelen halkdyr. Nakgaşyň döredijiligi örän uly jogapkärçiligi talap edýär. Ol tema, mazmun, maksat, gürrüň, aýry beýanlylyk (allegoriýa), nyşan, taslama, giňişlik wezipeleri we başga-da intellektual duýgy alamatlary çözmeli bolýar.
Uly nesliň suratkeşleri Ýa. Annanurow, Ýe. Adamowa, Y. Gylyjow, A. Hajyýew, A. Kulyýew, N. Dowodow, N. Hojamuhammedow, G. Babikow, I. Mýagkow, N. Çerwýakow, W. Pawloskiý sungatyň täze äheňlerini öz başlaryndan geçirýärler. Olaryň döredijilik umumylyklary mese-mälim ýüze çykýar, ýagny realistik däplere eýermek, sýužete bolan üns, taslamalaryň aýdyňlygy, keşpleriň psihologik häsiýeti, durmuş temalara gyzyklanma, keşpleri gahrymanlaşdyrma reňkleriň haşam äheňliligi görkezilýär. Jemgyýetiň suratkeşlik garaýşy elmydama adamlaryň gyzyklanmalarynda ýüze çykýar.
Suratkeş Y. Gylyjowyň “Garagum çölünde” (1953) atly işinde türkmeniň gymmatly hazynasy hasaplanylýan Garagum çölüniň gözelligini düýrmegi bilen sungat muşdagyna ýetirýär. Suratkeşiň bu işinde reňk baýlygyny bolluk bilen eçilýär. Sary, gyzgylt reňkler türkmen halkynyň nurana kalplaryna çalymdaş owaz berýär. Çölüň gözelligi bu eserde açylyp, eseriň merkezinde işjeň, ýükçi jandaryň şekiliniň bolmagy, onuň hem arkasynda ýüküň bolmagy çölde ýaşaýyşyň dowamatdygyny görkezmek isleýär. Bu işinde suratkeş ynsanyň tebigat bilen baglanyşykda ýaşaýandygyny açyp görkezýär. Garagum beýik çöllükleriň içinde iň bir ýaşy hasaplanylýar. Suratkeş bu işinde onuň ýaşlygyny, gözelligi gözýetime ýaýylyp gidýän owadanlygy bilen suratlandyrýar. Suratkeşiň Garagum çöli bilen baglanşykly başga-da işleri bar. Ol işler hem gözelligi we terbiýeçilik ähmiýetiniň baýlygy bilen tapawutlanýar.
Akademik suratkeş Y. Gylyjow öz sözlerinde “Gowy suratkeş bolmak üçin gowy ýüregiň bolmaly diýilýär” – diýip belleýär. 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi açylyp, halypanyň täsin sungatyna göz ýetirmäge ýardam etdi. Sungata sarpasy belent bolan ussat suratkeşiň ynsanlara egsilmejek ruhy lezzet eçilýän duýga baý eserleri Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyny baýlaşdyryp, öz ýaşan döwrüniň gözelliklerini halka ýetirýär. Suratkeş Y. Gylyjowyň döredijiligi türkmen halkynyň hakydasynda gözelligiň öçmejek nusgasy bolup baky ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyza hormat goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen sungatynyň ösmegine goşant goşan halypalaryň goýan mirasy belentden sarpalanýar. 


Maýa Halykberdiýewa
 Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 
 “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm