Ylym

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylma esaslanyp, dünýä ölçeglerine laýyklykda işleri alyp barmaklyga uly üns berilýär. Ýurdumyzyň taryhyny, medeni mirasyny, sungatyny düýpli öwrenmek üçin Hormatly Prezidentimiziň kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Milli maddy däl medeni mirasyny toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» esasynda Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhynyň dürli döwürleriniň derwaýys meseleleri boýunça düýpli ylmy işleri amala aşyrmak, çeperçilik sungaty babatda ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek ýaly ynsanperwer ylymlaryň geljekki ösüş ýolunyň anyk wezipeleri kesgitlenýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylym bölümi döwlet maksatnamalaryndan ugur alyp, mugallymlaryň ylmy işleriniň we talyplaryň ýyllyk we diplom temalarynyň ýerine ýetirilişine ýardam edýär. Akademiýada «Ýaş alymlar merkezi» we «Sungat we döwür», «Zehinli kompýuterçiler», «Gujurly ýaşlar», «Halypalar we şägirtler», «Sanly merkez» ýaly ylmy-döredijilik gurnaklary bar.

Alym mugallymlaryň we zehinli talyplaryň döwrebap taslamalary we sungat nazaryýetimizi baýlaşdyrmak bilen bagly ýerine ýetirýän binagärlik we dizaýn, nakgaşçylyk we grafika, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungaty, sungatyň taryhy we nazaryýeti boýunça ylmy makalalary, okuw maksatnamalary, ylmy-usuly gollanmalary, sergileriň kataloglary ýerine ýetirilýär. Gazanylan netijeler halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, bäsleşiklere we sergilere hödürlenilýär.

Ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlarynyň we talyplaryň awtorlyk etmeginde dürli neşirlerde çap edilen ylmy makalalar:











Paýlaş

Ylym

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ý [...]

Ylmy-amaly maslahatlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ý [...]

Altyn fond

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ý [...]

Sergiler

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ý [...]

Döredijilik we sungat

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ý [...]

Kitaphana

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ý [...]

Sport

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ý [...]

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2022) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2022) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2022), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08