Sport

Ýaş türgeniň üstünligi

    Sport- bu ynsanyň sagdynlygynyň kepilidir. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda hemmetaraplaýyn bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda uly işleri alnyp barylýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris”- diýip, belleýär. Elbetde, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport-sagaldyş merkezleri, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri gurlup ulanylmaga berildi.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen sportynda düýpli ösüşler gazanylýar. Sport ulgamynda yzygiderli geçirilýän ýaryşlarda türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri diýseň buýsandyryjy wakadyr.

    Ýaňy ýakynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa toplumynda sportyň ýaýdan nyşana ok atmak görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlary gatnaşdylar. Bu ýaryşda sportyň ýaýdan nyşana ok atmak görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň çempionatynda 2002-2004-nji ýylda doglan türgenleriniň arasynda 18-metr aralyga Klassiki ýaýdan çykyş etmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” kafedrasynyň 1-nji ýyllyk talyby Kowsar Abbasowa gatnaşyp I orna mynasyp boldy. Ýaş türgenimiziň gazanan bu üstünligi Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar
syýasatynyň baş müdirligi tarapyndan hormat hatyna we altyn medalyna mynasyp bolmagyna getirdi.

 Bu gün bolsa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Kowsar Abbasowanyň gazanan bu üstünligine bagyşlanyp, gutlamak dabarasy geçirildi. Dabarada ussat halypalarymyz Kowsar Abbasowany gazanan üstünligi bilen mähirli gutladylar. Ilkinji gezek sportuň ýaýdan nyşana ok atmak görnüşi sungat ojagymyz bolan çeperçilik akademiýasynyň taryhynda müdimilik galjakdygy begendirijidir.

Ogulsona Öwezmyradowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm