Sergiler

Web saýtymyzyň sergiler sahypasynda ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän naýbaşy sergilerden pursatlary we sungat eserlerini halk köpçüligine ýetirýäris:

Bedew sergisi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her ýylda türkmeniň ahal-teke bedewiniň baýramy uludan toýlanýar. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde döwlet derejesinde bäsleşikler geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biri-de, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda guralýan Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky» 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji kararyna laýyklykda ahal-teke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky geçirilýän döredijilik bäsleşigidir. Döredilen eserlerde şekillendiriş sungatynyň özboluşlylygyny we ýokary çeperçilikligini ady dünýä dolan ahal-teke bedewiniň keşbi janlandyrylýar. Çüňki, bedewler – adamzadyň ruhy medeniýetiniň bir bölegidir. Olaryň gözelligi, akyllylygy, rehimliligi, duýgurlylygy, wepalylygy ajaýyp sazlaşykly güýji bilen elmydama sungat adamlary özüne maýyl edýär.
Türkmen şekillendiriş sungatynda bedew waspy bilen baglanyşykly taryhy, epiki, batal, bedew şekilli portret žanrlaryň üsti bilen döwrümizi beýan etmek möhüm meseleleriň biri bolup, suratkeşleriň täze pikirleniş derejesiniň özboluşlylygyny öňe sürdi we täze äheňe eýe boldy. Eserlerde diňe ahal-teke atlaryna mahsus bolan, belent boýunly, syrdam beden gurluşly, täsin hereketli, owadan reňk öwüşginli hem-de paýhasly keşpleri suratkeşleriň dürli şekillendiriş tilsimleri arkaly suratlandyrylan. Bedew sergisine nakgaşçylykda, grafikada, heýkeltaraşlykda, amaly-haşam sungaty boýunça çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary hem-de halypalaryň ýoluny uly erjellik bilen alyp barýan suratkeşleriň ýaş nesli, zehinli uçurymlary we talyp-ýaşlary (Aýjemal Çaryýewa, Berdimyrat Hanow, Batyr Soltanow, Myratmergen Kulyýew, Gyzylgül Hudaýberdiýewa) gatnaşyp, türkmeniň ahal-teke bedewine bolan söýgüsini çeper eserlerde wasp edip, Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolýarlar.

Paýlaş

Ylym

Web saýtymyzyň sergiler sahypasynda ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän naýbaş [...]

Altyn fond

Web saýtymyzyň sergiler sahypasynda ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän naýbaş [...]

Sergiler

Web saýtymyzyň sergiler sahypasynda ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän naýbaş [...]

Kitaphana

Web saýtymyzyň sergiler sahypasynda ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän naýbaş [...]

Sport

Web saýtymyzyň sergiler sahypasynda ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän naýbaş [...]

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2022) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2022) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2022), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08