Dana akyldaryň şygyrlary – watansöýüjilik mekdebidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde dana Pyragynyň döredijilik dünýäsine uly sarpa goýulýar. Häzirki wagtda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek bilen bagly dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär.
2023-nji ýylyň fewral aýynyň 22-ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaş nesillerde Watan mukaddesligine bolan belent söýgüni döretmek maksady bilen “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk terbiýesi” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatda Magtymguly Pyragynyň filosofik garaýyşly “Nahana geldiň”, “Jem bolup”, “Ýagşysyn” atly şygyrlarynyň mysalynda watan mudaddesligi, edep-ekramlygyň ýagşy gylyk-häsiýetleri, halal zähmet çekmek, birsözlülik, arassa-ahlaklyk ýaly öwüt-ündewleriniň eriş-argaç bolup geçýändigini buýsançly bellediler. 
Şeýle-de, beýik şahyryň Watanyny, öz il-gününi söýmek bilen çäklenmän, ýurduň özbaşdaklygyny saklamak ugrundaky watançylyk pikirlerini öňe süren birnäçe şygyrlarynyň mysalynda dowamly pikirler beýan edildi. Ondan başga-da şekillendiriş sungatynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenen türkmen suratkeşleriniň döreden eserleri  barada giňişleýin bellenilip geçildi. Häzirki wagtda bolsa bu sungat eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ýokary ähmiýetiniň gymmaty barada buýsançly bellenildi.
Akgözel Gurbanowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm