Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Ahlak, söýgi, lirika, watançylyk türkmene mahsus häsiýetleri bolan çeper keşp diýlende Magtymguly Pyragy göz öňüňde janlanýar. Pyragy salyhatly we parasatly, tutanýerli hem-de paýhasly şahsyýet. Onuň ussat şahyrlygy şübhesiz, ýagny üç asyrlap onuň goşgularynyň aýdym edip aýdylmagy, nesil terbiýesinde onuň pelsepeleriniň ulanylmagy, suratkeşler tarapyndan sungat eserlerinde şekillendirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýakynlap gelmegi begendiriji wakadyr. Klasyky şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýy mynasybetli ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde «Magtymguly Pyragy — dünýä edebiýatynyň görnükli şahyry» atly ylmy-amaly maslahaty geçirdi hem-de döredijilikli sergisi gurnaldy. Maslahatyň çäginde gurnalan sergide türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbiniň şekillendiriş sungat eserlerinde döredilen eserleri görkezildi.
Bu maslahata ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem şahyryň muşdaklary hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň ýaş mugallymy Myratmergen Kulyýew gatnaşyp, özüniň we talyp ýaşlarymyzyň döreden eserlerini sergilemegi çäräniň görküne görk goşdy.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň parahatçylygyny we agzybirligini arzuwlan Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdiler.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgesini dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda beýik Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny uly dabara bilen bellenjekdigi türkmen halkyny diýseň begendirýär.
Öwezmyradowa Ogulsona,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby