Köwsar Abbasowany gutlamak dabarasy

2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda sportuň ýaýdan nyşana ok atmak görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 2002-2004-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda 18-metr aralygy Klassiki ýaýdan çykyş edip, şahsy görnüşinde II ýeri eýeläp, Türkmen sportuna abraý getirendigi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Abbasowa Köwsar sylaglandy.

    Bu gün bolsa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Galkynyş jaýynda Köwsar Abbasowanyň bu gazanan üstünligini gutlamak dabarasy geçirildi. Dabarada ussat halypalar ýaş türgeni mähirli gutladylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm