Ýaş mugallymyň üstünligi

Gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň
medeni paýtagty» diýlip, yglan edilmegi bilen bu şäheriň taryhy-medeni
ýadygärlikleriniň umumadamzat medeniýetindäki ähmiýetini, türkmen medeniýetini
we taryhyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi.



2024-nji ýylyň mart
aýynyň 23-28 aralygynda geçirilen «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip,
yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet
we syýahat» №1, 2024 žurnalynyň Änew medeniýetine bagyşlanan ýörite sanynyň
dizaýn bezeg işleri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň ýaş mugallymy Döwrangeldi Moýtyýewe Halkara
Türksoý guramasynyň baş Sekretary Sultan Raewiň adyndan Minnetdarlyk
şahadatnamasy gowşuryldy.  

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm