Page 266 - Gujurly Ýaşlar 2023
P. 266
GUJURLY ÝASLAR - 2022
«Ýagmyr Öräýewiň şahsy ýygyndysy»
atly bu albom Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň «Amaly –
haşam sungaty» fakultetiniň «Sungaty
öwreniş» kafedrasynyň IV-nji ýyl talyby
Gülşirin Artykowa tarapyndan ýerine ýetirildi.
Suratkeşler birleşiginiň agzasy, sungaty
öwrenji Ýagmyr Öräýew Türkmenistanyň halk
suratkeşleriniň eserlerini özüne ýadygärlik
hökmünde toplap, şahsy kollegiýasyny
döredýär. Bu kolegsiýada ussat suratkeşler
Gulnazar Bekmyradowyň, Annamämmet
Hojanyýazowyň, Annadurdy Myradalyýewyň,
Möjek Çaryýewyň, Gurbangeldi Gurbanowyň,
Ata Akyýewyň, Işanguly Işangulyýewiň
eserleri düzülýär. Awtor bu albomynda
türkmen şekillendiriş sungatynda beýan
edilen portretleri, peýzažlary, natýurmortlary,
ahalteke türkmen bedewlerini, halkymyzyň
şagalaňly toý däplerini beýan edýän eserleri
orta çykaryp seljerip, olary bir ýere jemlemek
bilen giň okyjylar köpçüligine hödürleýär.
Albom ýurdumyzyň zehinli suratkeşi
Rahman Rahmanowyň kitap grafikasyna
bagyşlanýar. Talyp Şirin Öwezowa seljeren
maglumatlara esaslanyp R.Rahmanowyň
döredijilik ýolunda kitabyň çeper bezegine
aýratynlykda seredip giňişleýin öwrenýär.
Ýerine ýetirilen bu albomdan sungaty
öwrenijiler, suratkeşler we ýaş kitap
grafikaçylar gollanma hökmünde peýdalanyp
bilerler.
266