Page 269 - Gujurly Ýaşlar 2023
P. 269
Kitapçada Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynda 2021-nji
ýyl sentýabr aýyndan ýola goýlan web-
saýtyndaky täzelikler sahypasynda şu
güne çenli bir awtoryň gysga göwrümli
makalalarynyň jemi toplanyp, “Gujurly ýaşlar”
atly bäsleşigine hödürlenýär.
Ylmy gollanma sungaty öwreniji, mugallym
Jeren Baltaýewanyň ýolbaşçylygynda sungaty
öwreniş kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Gülnabat
Taňrygulyýewa tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu
ylmy işde Türkmenistanyň ilkinji sungaty öwreniji,
suratkeş, mugallym, tankytcy Pawel Popow,
şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň
janköýeri suratkeş we sungaty öwreniji Nyýazmyrat
Dowodow, türkmen halkynyň milli peýzažyny
esaslandyryjylaryň biri, sungatyň tankytcysy,
suratkeş Nury Hojamuhammedow ýaly halypalaryň
köpgyraňly döredijiligi sungaty öwrenijilik taýdan
seljerilýär. Bu gollanmany sungaty öwrenijiler,
suratkeşler, muzeý işgärleri, surat mugallymlary,
talyplar peýdalanyp bilerler.
269