Page 261 - Gujurly Ýaşlar 2023
P. 261
Türkmen nakgaşy tanymal suratkeş, köp
ýyllyk döredijilik ýyllarynyň dowamynda
ajaýyp eserleri döreden halypa Saparmämmet
Meredowyň 2022-nji ýyl dekabr aýynda 70
ýaşy doldy. bu katalog onuň ýubileý sergisine
bagyşlanýar.
Türkmen sungatynda aýratyn goşan
goşandynyň giňişleýin açylmagy üçin onuň
döredijiligine bagyşlanan bu kitabyň mazmuny
žanr häsiýetnamasynyň esaslarynda düzülýär.
Katalogyň bölümleri suratkeş Saparmämmet
Meredowyň nakgaşçylyk hem-de grafika
ýaly sungatyň aýratyn görnüşlerine, şeýle-
de nakgaşçylygyň tematiki eser, portret,
peýzaž ýaly dürli žanrlaryna bagyşlanýar.
Şol bir wagtyň özünde S.Meredowyň
döredijiliginiň ösüş tapgyrlary yzarlanýar.
Şeýlede bu katalogda heýkeltaraş Artyknazar
Meredowyň hem stanok hem-de haşam
heýkeltaraşlygynda döreden žanr eserleri
ýerleşdirilen. Bu doganlar S.Meredowyň we
A.Meredowyň suratkeşleriň durmuşy we
döredijilik ýoluny äşgär edýän bu katalog
şekillendiriş sungatynyň hünärmenlerine
hem-de giň muşdaklaryna niýetlenendir.
Katalog Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň ylmy işler boýunça
prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň
kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow
ýolbaşçylygynda «Amaly-haşam sungaty»
fakultetiniň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň
4-nji ýyl talyby Mekan Annamyradow
tarapyndan ýerine ýetirildi.
261