Page 265 - Gujurly Ýaşlar 2023
P. 265
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji
ýyl talyplary Akgözel Gurbanowa we
Ogulsona Öwezmyradowa “Jemgyýeti
öwreniş ylymlary” kafedrasynyň müdiri, uly
mugallymy Azat Alihanowyň ýolbaşçylygynda
ýerine ýetirilen “Türkmeniň uçar ganaty” atly
katalogda 2022-nji ýylda Türkmen bedewiniň
baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň
gözelligini şekillendiriş sungaty eserlerinde
çeper beýan etmek boýunça nakgaşlaryň,
heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň,
fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň,
dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda
döredijilik sergi bäsleşigine hödürlenen
ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň,
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň
agzalarynyň, Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen
döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa
mugallymlarynyň we talyplarynyň nakgaşlyk,
grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn, haly, gobelen,
zergärçilik, keramika işleri görkezilýär.
Katalogda metbugat sahypalarynda neşir
edilen halypa we ýaş sungaty öwrenijileriniň
makalalary jemlenen.
«Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda
alabaýyň keşbi» atly ylmy işinde Türkmenistanyň
ilkinji gadymy tapyndylardan ýüze çykarylan
alabaýyň keşbinden tä, häzirki döwüre çenli
şekillendiriş sungatyndaky keşbi, sungaty öwrenijilik
nazarynda öwrenilip, ýazyldy we birnäçe tapawutly
suratlar ýüze çykarylyp, ylmy işde ýerleşdirildi.
Bu ylmy işi 2022-nji ýylda Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde
her ýyl «Ylymlar güni» mynasybetli geçirilýän
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler
boýunça «Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň
ylmy gadamlary» atly ylmy bäsleşiginde 3-nji orny
eýeläp, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň şa
serpaýyna mynasyp bolmagy başardy.
Şeýle hem, bu kitabyň ahyrynda 2022-nji ýylda
Türkmenistanyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky
şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen
«Türkmen alabaýy wepadarlygyň nusgasy» atly
döredijilik bäsleşigine gatnaşanlaryň naýbaşy
döredijilik işlerinden düzülen suratlar toplumy hem
ýerleşdirilen.
265