Page 267 - Gujurly Ýaşlar 2023
P. 267
Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl
talyplary Amangül Goçmyradowa, Serwi
Esenowa we Aýbibi Kakabaýewa “Sungaty
öwreniş” kafedrasynyň mugallymy Azat
Annaýewiň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilen
“Azat Annaýew - sungatyň mugallymy”
atly katalogda Türkmenistanyň şekillendiriş
sungatynyň ussady bolan sungaty öwreniji A.
Annaýewiň döredijiligi, ylmy we sungat eserleri
barada giňişleýin maglumatlar berlen. Ussat
mugallymyň diňe bir ylmy makalalary däl-de
, eýsem onuň nakgaşlyk sungatynda ýerine
ýetiren akwarel işleri hem görkezilen. Bu
katalogda Azat Annaýewiň diňe bir döredijiligi
däl-de, eýsem onuň talyplyk ýyllaryndan bari
tanap we işinde bile işleşip gelýän halypa
mugallymlaryň we onuň okadyp bilim beren
talyplarynyň sungaty öwreniji barada pikirleri
beýan edilen. Bu katalog halypanyň 55 ýaş
ýubileýine bagyşlanyp çap edilen.
“Magtymgulynyň çeper keşbi” atly bu diplom işi
sungaty öwreniji mugallym
Aýjan Kadyrowanyň ýolbaşçylygynda “Sungaty
öwreniş” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Bahar
Bäşimowa tarapyndan ýazylyp, onda nusgawy
şahyr Magtymguly Pyragynyň keşbi nakgaşlyk,
grafika hem-de heykeltaraşlyk eserleriň mysalynda
seljerilýär.
Kitapda türkmen şekillendiriş sungatynyň
ösdürilmeginde Magtymguly Pyragynyň keşbini
beýan edýän nakgaşlyk, grafika we heýkeltaraşlyk
eserler arkaly şygryýetiň we şekillendiriş
sungatynyň özara arabaglanyşygy ylmy taýdan
öwrenilýär.
Bu kitapdan sungaty öwrenijiler, suratkeşler we
medeniýet işgärleri peýdalanyp bilerler.
267