Page 268 - Gujurly Ýaşlar 2023
P. 268
GUJURLY ÝASLAR - 2022
Katalogda Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda
açylan Türkmenistanyň halk suratkeşi
Dursunsolmaz Muhammedowanyň keramika
we nakgaşçylyk eserleri jemlenip, suratkeşiň
70 ýaşynyň ýubileý sergisine bagyşlanýar.
Berlen albom okyjyny keramika sungatyny
esaslandyryjylaryň biri bolan Gülara
Babaýewanyň eserleri bilen tanyşdyrýar.
Ussadyň sungaty öz döwrüniň ýagty
sahypasyny açyp, çeper täsirliliginiň obraz
serişdeleriniň köptaraply gözlegleri bilen
özüne çekýär. Suratkeşiň keramikalary
gaýtalanmajak ruhy baýlygy we ýakymlylygy,
eserleriniň çeýeligi we haşam täsirliligi, ýiti
joşgunlylygy onuň döredijilik mirasynyň
uçursyz gymmatyny äşgär edýär.
Suratkeşiň döredijiligi barada maglumatlary,
eserleri barada awtoryň ilkinji gezek düzen
katalogyny öz içine alýan bu neşir şeýle
özboluşly suratkeşiň sungatyna gutarnykly
we köptaraplaýyn seljerme berip bilmez,
ol diňe onuň döredijiliginiň öwrenilmegine
käbir ädimleri ýola goýup biler. Albomyň
suratly bölümleri çeper döredijiligiň dürli
görnüşlerinde ussadyň döreden eserlerini
jemleýär we düşündiriş ýazgylary bilen alnyp
barylýar.
268