Page 271 - Gujurly Ýaşlar 2023
P. 271
“Türkmen nakgaşçylygynda watansöýüjilik
duýgulary” atly “Gujurly ýaşlar – 2022-nji
ýylda” atly döredijilik bäsleşigine hödürlenýär.
Ylmy iş Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň “Amaly – haşam sungaty”
fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
5-nji ýyl talyby Tawus Abdyýewa tarapyndan
ýerine ýetirildi. Bu işiň esasy maksady
türkmen nakgaşçylygynda Watany söýmek
temany orta çykarýan eserleri seljerip, olary
dünýewi şekillendiriş sungatynyň eserleri
bilen deňeşdirmek bolup durýar. Şol sanda
ylmy derňewiň üsti bilen türkmen sungatynyň
tapawutly häsiýetini ýüze çykarmak. Saýlap
alynan eserleriň aýratynlygyny, meňzeşligini,
ähmiýetini we ornuny kesgitlemek bolup
döwrebap derňewiň wezipeleri bellenilýär.
Adamzadyň iň beýik watançylyk duýgusyny
oýarmakda nakgaşçylyk sungaty has-da
uly täsirini ýüze çykarýar. Bu iş şekillendiriş
sungatynyň taryhy bilen gyzyklanýan
okujylara gollanma bolup gulluk eder.
271