Page 263 - Gujurly Ýaşlar 2023
P. 263
Bu katalogda Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň sungaty
öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy,
Türkmenistanyň sungatda at gazanan
işgäri Azat Annaýewiň ýolbaşçylygynda
we şu kafedranyň 4-nji ýyl talyby Oraztäç
Golbaýewa tarapyndan ýerine ýetirildi.
Bu katalogda türkmen şekillendiriş
sungatynyň eserleriniň dünýä belli
muzeýleriniň ajaýyp zalynda ýerleşýän
eserleriň ylmy esasda toplanyp, olar
barada maglumatlar, seljerme we syn
berilýär.
2022-nji ýyl 8-nji martynda
Halkara zenanlar güni mynasybetli
Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler
müdirligi we şekillendiriş sungatynyň
sergi merkezinde “Enä tagzym -
mukaddeslige tagzym” atly ýurdumyzyň
zenan suratkeşleriniň şekillendiriş
we amaly-haşam sungat eserleriniň
bäsleşik sergisine bagyşlanan
katalog. Sergide ýurdumyzyň ähli
künjeklerinden zenan suratkeşler we
çeperçilik ugrundan bilim alýan talyp
gyzlar özleriniň döredijilik eserleri
bilen gatnaşdylar.
263