Page 260 - Gujurly Ýaşlar 2023
P. 260
GUJURLY ÝASLAR - 2022
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň ‘‘Halkyň Arkadagly
zamanasynyň gujurly ýaşlary - 2022’’ atly
sergisiniň kitabynda ýokary okuw mekdebiniň
uçurymlarynyň we zehinli talyplarynyň
döreden täze eserleriniň toplumy ýerleşdirildi
we ýylyň dowamynda döwlet derejesindäki
bäsleşiklerinde ýeňiji bolan mugallymlaryň we
talyplaryň üstünlikleri ilkinji gezek görkezildi.
Bu kitaby "Sungaty öwreniş" kafedrasynyň
talyplary M.Annamyradow, O. Öwezmyradowa, A.
Gurbanowa hem-de şol kafedranyň mugallymy D.
Moýtyýewiň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirildi.
Kitapda Türkmenistanyň halk suratkeşi
Annadurdy Almamedowyň 85 ýaş ýubileýi
mynasybetli onuň döredijilik ýolunyň dünýewi
we filosofiki pikirleri sungaty öwrenijiniň
nazary garaýyşlary esasynda beýan
edilýär. Görnükli türkmen suratkeşiniň kämil
nakgaşlyk we grafika eserleriniň umumy
adamzat ykbalyny özünde jemleýän eserleri
giň sungaty söýüjiler köpçüligine hödürlenýär.
260