Page 292 - Gujurly 2019
P. 292

SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI
        292














                                      ÝAŞLARYŇ YLHAMY




                     Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýamyzyň Sergiler jaýynda ýaşlaryň
               ukyp-başarnyklaryny  ýüze  çykarmak  maksady  bilen  zehinli  talyplardan  düzülen
               “Gujurly ýaşlar” toparynyň ýerine ýetiren işleriniň ajaýyp sergisi geçirildi. Bu sergide
               zehinli talyplaryň 200-den gowrak işleri hödürlenildi. Döredilen eserlerde talyplaryň
               yhlas bilen zähmet çekendiklerini duýmak bolýar.
                     “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň rowaçlyklara beslenip gelendigini

               talyplaryň döreden sungat eserlerinde görmek bolýar. Gujurly ýaşlar dürli temalar
               bilen bir hatarda taryhy wakalaryna esaslanýan belli şahsyýetleriň gahrymançylykly
               keşplerini, medeni mirasymyzy wasp edýän işleri hem döretdiler. Nakgaş eserlerinden
               Şekillendiriş sungaty fakultetiniň Nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň 5-nji ýyl
               talyby Sytdyhow Alynyň “Mäne babanyň Çagry beg we Togrul bege ak pata bermegi”
               eserinde beýik Seljuk serdarlary Çagry beg we Togrul begiň Daňdanakan söweşine
               gitmezden ozal Mäne Babadan ak pata almaga gelen pursadyny şekillendiripdir.
                     2014-nji  ýylda  tamamlan  uçurymyz  Röwşen  Çopanowyň  “Jelaleddiniň
               edermenligi” atly miniatýura işi hem Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň iň soňky
               hökümdary bolan Jelaleddin Meňburun Alaeddin Muhammediň (1220 – 1231 ý.)
               mongol  goşunlary  bilen  söweşen  pursatyny  suratlandyrýar.  Söweş  meýdanynda

               gyzyl ýapynjaly Jelaleddin Meňburun eli ok ýaýly, çapyp barýan atyň üstünde oturyp,
               derýadan geçişi şekillendiripdir.
                     Sergide taryhy şahsyýetler bilen bagly taslamalary grafika sungatynda hem
               öz beýanyny tapypdyr. “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Grafika” kafedrasynyň
               3-nji ýyl talyby Akmyrat Akyýewiň “Görogly eposynyň Bezirgen şahasy” atly işinde
               Görogly bilen Bezirgeni şekillendiripdir.
                     Eserde  iki  şahsyýetiň  edermenligini  has  aýdyň  ýönekeý  galamyň  üsti  bilen
               görkezilýär. Üç piliň üstüne birikdirilen bir äpet tagtyň üstünde oturan Görogla tarap
               tozap gelýän Bezirgeni şekillendiripdir. Dogurdanam, bu eseri synlanyňda Görogly

               eposynyň Bezirgen şahasy hakydaňda janlanýar.
                     “Gujurly  ýaşlar”  atly  döredijilik  sergisi  Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik
               akademiýasynyň  zehinli  ýaşlaryň  taryhy  wakalary,  medeni  mirasymyzy,
               edebiýatymyzy  giňden  şöhlelendirýändigini  görkezýär.  Türkmenistanyň  Döwlet
               çeperçilik  akademiýasynyň  ilkinji  guramalary,  Türkmenistanyň  Kärdeşler
               arkalaşygynyň Milli merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi
               geňeşi tarapyndan has tapawutlanan talyplara sowgatlar gowşuryldy.







               Jumagül Myradowa,
               Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
               akademiýasynyň talyby
               milligosun.gov.tm
   287   288   289   290   291   292   293   294   295   296   297