Page 295 - Gujurly 2019
P. 295

SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI                                      295





                                   heýkelleri”,  A.  Abdyweliýewanyň  “Millilik  dowamaty  halylarda  şöhlelenýär”,  G.
                                   Kurbanmuhammedowa “Türkmen şekillendiriş sungatynda Bäşim Nuralynyň keşbi”,
                                   M. Annamyradowyň “Uçgun-5” diýen ýaly işleri görkezilýär.
                                         Bilim we sungat ojagymyzda halypa mugallymlaryň irginsiz zähmeti bilen ýaş
                                   sungaty  öwrenijiler  zehinlerini  baýlaşdyrýarlar,  nazary  we  amaly  alan  bilimlerini
                                   tejribede  synap  görýärler.  Munuň  özi  hünär  kämilligini  artdyryp,  sungatşynaslyk
                                   syrlaryny  öwrenmekde  uly  ähmiýeti  bar.  Hormatly  Prezidentimiziň  sanly  bilim
                                   ulgamyna  uly  ähmiýet  bermegi  netijesinde,  ýaşlar  häzirki  zaman  kompýuter
                                   tehnologiýalaryndan baş çykaryp, döwür bilen aýakdaş gadam urmaga synanyşýarlar.
                                   Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaş sungaty öwreniji talyplar hem kompýuterde

                                   «Adobe Indizaýn» programmada albomlaryny, kitapçalaryny taýýarlap, çap edilen
                                   görnüşinde ady agzalan sergide tomaşaçylar köpçüligine hödürlediler.
                                         Zehinli talyp Guwanç Mämmiýew “Sungat we nazaryýet” atly albomynda belli
                                   türkmen  sungaty  öwrenijileri  Nurýagdy  Ýagşymyradowyň  we  Azat  Annaýewiň
                                   döredijiliklerini açyp görkezipdir. Maksat Çerkezowyň “Döredijilik ýolunda” atly işi
                                   ajaýyp suratkeş Berdi Çaryýewiň döredijilik beýanyny (katalogyny) emele getirýär.
                                   Bu katalogda suratkeşiň täsin eserleri barada ýazylan makalalar we suratlar ýaş
                                   sungaty öwrenji tarapyndan ussatlyk bilen ýerleşdirilipdir.  Katalogyň daşky we içki
                                   bezegi örän şowly ýerine ýetirilipdir.

                                         Ýaş sungaty öwreniji Oguldursun Çüriýewanyň “Halkyň durmuşyndan ylham
                                   alan  suratkeşler”  atly  albomy  Garaşsyzlyk  ýyllary  içinde  türkmen  suratkeşleriniň
                                   döredijiliginde  halkyň  durmuşyny  beýan  edýän  eserlerinden  taýýarlanylyp,  bu
                                   eserler  hakynda  sungaty  öwrenijilik  nukdaýnazaryndan  ýazylan  makala  bilen
                                   baýlaşdyrylypdyr.
                                         Ýaş sungaty öwrenijileriň ýerine ýetiren işleri sergi tamamlanandan soň, ýokary
                                   okuw  mekdebiniň  kitaphanasyna  tabşyrylar.  Sungat  bilen  gyzyklanýan  okyjylar,
                                   bu kitapçalardan we albomlardan gollanma hökmünde peýdalanylyp bilerler. Bizi
                                   ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag,  işleri rowaç
                                   bolsun!







                                                                                                               Ýazgül Beginýazowa,
                                                                              Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy
                                                                                                        sungaty öwreniş hünäriniň
                                                                                                                       4-nji ýyl talyby.
                                                                                                        «Watan» gazeti. 17.12.2019


































                                                                                                                                        МС
   290   291   292   293   294   295   296   297   298