Page 288 - Gujurly 2019
P. 288

SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI
        288




                     — Talyplarymyz täzeçil mazmundaky döreden taslamalary bilen gatnaşýarlar.
               Dizaýn sungatynyň esasy wezipesi — täzeçillik. Işlerde abstrakt we haşam çözgütleri
               bar.  Mähri  Ýazmyradowanyň,  Sülgün  Rahmanowanyň,  Jahan  Atdaýewanyň,
               Mähri  Meretdurdyýewanyň,  Hatyja  Söýünowanyň  eserlerinde  dizaýn  sungatynyň
               köp  taraply  täzelikleri  görkezilýär.  Ýaşlara  kämil  bilim  bermekde  döredilýän
               mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir — diýip, Döwlet

               çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň sungatda
               at gazanan işgäri Jumageldi Amangeldiýew aýdýar.
                     Ýeri gelende bellesek, şu gezekki açylýan gujurly ýaşlaryň sergisine çeperçilik
               akademiýasyny dürli ýyllarda tamamlan ýaşlar-da täze işleri bilen gatnaşýarlar.
                     Sergide  döreden  eserleri  bilen  has  tapawutlanan  ýaşlar  Türkmenistanyň
               Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Milli  merkezi  hem-de  Magtymguly  adyndaky  Ýaşlar
               guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan sowgatlar bilen sylaglandy.
                     «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ahyrky günlerinde açylan bu
               sergi ýaşlaryň döredijilik rowaçlygydyr.




               Guwanç Mämiýew.
               Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
               akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby.
               «Türkmenistan» gazeti. 20.12.2019.
   283   284   285   286   287   288   289   290   291   292   293