Page 297 - Gujurly 2019
P. 297
SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI 297
SUNGATA SIŇEN
ŞEKILLER
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Gujurly
ýaşlar” atly döredijilik sergisi açyldy.
Sergide ýaş suratkeşleriň dürli ugurlara bagyşlanan ençeme işleri
görkezildi. Zehinli talyplaryň eserlerinde türkmen tebigatynyň gözelligi, ýagny
boz meýdanly daglar, çeşmeler, haýwanlar özleriniň janly keşbini tapypdyr. Ýaş
suratkeşleriň hormatly Arkadag Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp
çykan “Türkmen alabaýy” atly kitabyndan ruhlanyp, nakgaşçylyga, grafika
degişli we haly eserlerinde türkmen alabaýynyň keşbini ussatlyk bilen ýerine
ýetiripdirler.
“Gujurly ýaşlar” atly döredijilik sergisi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň talyplarynyň we uçurymlarynyň zehini açyp görkezýär.
Bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň iň zehinlilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bize şeýle sergileri gurnamaga, döretmäge, öwrenmäge giň ýol açyp beren
hormatly Arkadag Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys!
Maýa Baýjikowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.
«Galkynyş» gazeti. 25.12.2019.
МС