Page 296 - Gujurly 2019
P. 296
SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI
296
«GUJURLY ÝAŞLARYŇ»
SERGISI
2016-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda
ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we ýüze çykarmak maksady bilen
zehinli talyplardan düzülen “Gujurly ýaşlar” atly topar döredildi. Bu topar öz
düzüminde ýüzden hem gowrak zehinli talyby jemleýär we olaryň dowamynda
birnäçe eserleri döredýärler.
Ine, şu döredilen eserleri sergilemek maksady bilen ýakynda Türkmenistanyň
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda sergi guraldy. Sergide
talyplaryň ýerine ýetirmeginde keramiki önümleriň birnäçe nusgalyk işleri
görkezildi. Olardan Babajan Taganowyň, Gülhanym Durdyýewanyň,
Hezretguly Annageldiýewiň Aýjemal Soltyýewanyň, Maksat Orazowyň, Ahmet
Orryýewiň ýerine ýetiren keramiki işleri has-da tapawutlandy. Häzirki döwrüň
täze eserlerinde gadymy küýzegärligiň çeper nagyşlary öz beýanyny tapýar.
Bezeg küýzegärleri eserleri ýaşaýyş we edara otaglaryny, bag-seýilgähleriň
ulgamyny, şäher meýdançalary we köçeleri bezeýär.
Taryhy wakalary, belli şahsyýetleriň gahrymançylykly keşplerini, milli däp-
dessurlarymyzy, tebigatymyzyň gözel künjeklerini, ahalteke bedewlerimizi
beýan edýän eserler sergä gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Annajahan Sapargeldiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.
«Edebiýat we sungat» gazeti. 27.12.2019.