Page 294 - Gujurly 2019
P. 294

SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI
        294
















                                ZEHINLI ÝAŞLARYŇ SERGISI






                     Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe  hormatly  Prezidentimiz  ylym-
               bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynyň gülläp ösmegi üçin yzygiderli tagallalary
               durmuşa geçirýär. Mähriban Arkadagymyzyň bu ugurdan berýän mümkinçiliklerden
               peýdalanyp, häzirki wagtda ildeşlerimizi, aýratyn-da ösüp gelýän ýaş nesillerimizi
               Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň taryhy bilen tanyşdyrmak, milli mirasymyzyň
               dürdäneleriniň  häzirki zaman çeperçilik sungaty eserlerinde şöhlelenişini wagyz
               etmek,  şekillendiriş  sungatynyň  görnüşleriniň  ähmiýetini  düşündirmek,  sungat
               mekdepleri we olaryň çeperçilik sungatyny ösdürmekde eýeleýän ähmiýetli orny

               barada giňişleýin maglumat bermek babatda uly işler alnyp barylýar.
                     14-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binasynda
               açylan «Gujurly ýaşlar» atly döredijilik bäsleşikli sergi öňde agzalyp geçilen wezipeleri
               amal  etmekde  wajyp  çäreleriň  biri  boldy.  Däp  bolan  serginiň  geçen  ýyllar  bilen
               deňeşdirilende bir aýratynlygy bu gezekki sergä ýokary okuw mekdebini üstünlikli
               tamamlap, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredijilikli zähmet çekýän uçurymlaryň
               hem öz işleri bilen gatnaşmaklarydyr. Sergide nakgaşlyk, grafika, heýkel, dizaýn,
               binagärlik we amaly-haşam sungaty eserleri hem-de sungaty öwrenijileriň taýýarlan
               albomlary, kitapçalary sergilendi. Täze çeperçilik gözlegleri bilen ýerine ýetirilen bu
               taslamalar tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Ol eserleri synlanyňda, gujur-gaýratly, erjel
               talyplaryň ylham joşgunyny görmek bolýar.

                     Zehinli  talyplar  Z.  Babaýewiň  “Hazar  deňiz  porty”,  A.  Sytdyhowyň  “Mäne
               babanyň Çagry beg we Togrul bege ak pata berişi”, S. Rejepowanyň “Akpamyk”, Ý.
               Jumagulyýewiň “Süýjülik”, L. Çaryýewanyň “Şaglawuk” ýaly nakgaşlyk eserlerinde
               gülleýän  Watanymyz,  taryhy  şahsyýetleriň  keşbi,  türkmen  halk  döredijiligi,  gözel
               tebigatymyz we ir-iýmişler dürli reňkleriň üsti bilen beýan edilýär. M. Welmyradowanyň
               “Çaga oýunlary” atly kitap bezegi, S. Gylyjowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly grafika
               we M. Bazarowyň “Kompozitor Nury Halmämedowyň portreti”, S. Myradowyň, N.
               Seýtiýewiň “Türkmen alabaýy’”, M. Amangylyjowyň “Şükür bagşynyň portreti” diýen
               heýkel işleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

                     Şeýle  hem  A.  Seýidowanyň  “Türkmen  tebigaty”,  H.  Söýünowanyň
               “Ülkämiň  nygmaty”  ýaly  dizaýn  işleri  gözelligi  we  ýitiligi  bilen  tapawutlanýar.
               J.  Rahmanberdiýewanyň  “Türkmen  tebigaty”  atly  gobelen  eserinde  türkmen
               sährasynda iki sany kiçijek alabaý itiniň keşbi şekillendirilipdir.
                     Bu  sergide  ýaş  sungaty  öwrenijileriň  taýýarlan  albomlary,  kataloglary  we
               kitapçalary  tomaşaçylarda  uly  gyzyklanma  döretdi.  G.  Mämiýewiň  “Sungat
               we  nazaryýet”,  M.  Çerkezowyň  “Döredijilik  ýolunda”,  O.  Çüriýewanyň  “Halkyň
               durmuşyndan ylham alan suratkeşler”,  Ý. Beginýazowanyň “Halkyň ruhy mirasy”,
               B. Jumaýewiň “Türkmen bedewi 2019”, Ş. Saparowyň “J. Jumadurdynyň haşam
   289   290   291   292   293   294   295   296   297   298