Page 289 - Gujurly 2019
P. 289
SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI 289
ÝAŞ HEÝKELTARAŞLARYŇ
DÖREDIJILIGI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary
netijesinde türkmen sungatymyz, medeniýetimiz taryhy ösüşiň täze basgançagyna
gadam basdy. Hormatly Prezidentimiziň “Biziň edebiýatymyz we sungatymyz näçe
özboluşly boldugyça, bize dünýäde şonça-da ýokary baha bererler” diýen sözleri
sungatymyzy, medeniýetimizi ösdürmek barada edýän aladalarydyr.
Muňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda her ýylda dabaraly
geçirilýän “Gujurly ýaşlar” sergisi mysal bolup biler. Her ýyl däp bolup gelýän bu
sergä çeperçilik akademiýanyň gujurly talyplaryndan başga-da, bu ýyl akademiýany
tamamlan uçurymlar hem gatnaşýarlar. Bu sergi akademiýanyň sergiler jaýynda
dekabr aýynyň 14-ne dabaraly ýagdaýda açyldy. Oňa nakgaşçylyk, grafika,
heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, zergär, keramika, haly eserleri, şeýle-de, sungaty
öwreniji talyplar bolsa, öz ýerine ýetirlen kitapçalary, albomlary bilen gatnaşdylar.
Bu sergi bolsa, birnäçe täze eserleriň dünýä inmegine getirdi. Gatnaşan eserler
bolsa, sergä gelen tomaşaçylary özüne çekip, olarda uly täsir galdyrdy.
Sergilenen eserler biri-birinden has hem tapawutly. Aýratyn hem, heýkel eserler
meniň ünsümi özüne çekdi. Halkyň göwnünden turar ýaly taraşlap heýkel eseri
döretmek örän jogapkärli işdir. Ýöne muňa garamazdan “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň
mugallymlary, Babasary Annamyradowyň, Saragt Babaýewiň, Polat Mämiýewiň,
Şirmyrat Hojagulyýewiň, Gurbangeldi Gaýypberdiýewiň, Maksat Hojaýynowyň,
Maksat Tugurowyň halypalyk etmeginde talyplar birnäçe heýkel eserlerini döredip
sergilediler. Ýagny, Dawut Abaýew “Ýeňiji”, Muhammetmyrat Muhadow “Golf
oýunçysy”, Baýram Jumaniýazow “Puşman”, Salyh Saparmämmedow “Gandym
aga”, “Balykçy oglan”, Maksat Bazarow “Türkmenistanyň halk kompozitory Nury
Halmämmedow”, “Nebitçi”, Nasiba Adizowa “Pianist”, Azady Mekanmyradow “Talyp
gyz Aýjahan”, Hajymyrat Güjikow “Tüýdükçiniň mukamy”, Ahmet Gurbangeldiýew
“Parahatçylyk buýsanjy”, Meýlis Myradow “Goja seýis” ýaly birnaçe talyplar öz işleri
bilen gatnaşdy. Şeýle-de, akademiýanyň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasyny 2009-njy
ýylda tamamlan uçurym Baýgeldi Annamedow “Türkmen Alabaýy”, “Çapyksuwarlar”,
“Sazanda oglan”, 2014-nji ýylda tamamlan uçurym Sähragül Ýegenmämmedow
“Ene” ýaly işleri bilen gatnaşdylar.
Bu sergilenen heýkel eserleriň arasynda maňa has ýarany sazandalaryň,
türgenleriň keşpleridir. Halypa-şägirtlik ýoluny eýerip, Saragt Babaýewiň halypalyk
etmeginde Maksat Bazarowyň ýerine ýetiren “Türkmenistanyň halk kompozitory Nury
Halmämmedow” atly heýkel eseri täsirli. Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, “Aýgytly ädim”, “Keçpelek”, “Şükür
МС