Page 287 - Gujurly 2019
P. 287

SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI                                      287
















                                                    GUJURDAN DÖRÄN ESERLER





                                         Şu günler Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Gujurly ýaşlar»

                                   atly  döredijilik  sergisi  dowam  edýär.  Sungat  ojagynda  kämil  bilim  alýan,  zehinli
                                   ýaşlaryň  eserlerinden  ybarat  bolup,  guralmagy  däbe  öwrülen  bu  sergi  eýýäm
                                   dördünji gezek gapysyny giňden açdy.
                                         2016-njy  ýyldan  bäri  her  ýylyň  dekabrynda  açylýan  döredijilik  sergisindäki
                                   eserlerde  Watanymyzyň  şöhratly  taryhy  ýolundan  başlap,  şu  günki  bagtyýarlyk
                                   döwrüniň rowaç menzilleriniň waspy öz beýanyny tapýar.
                                         «Gujurly  ýaşlar»  atly  sergi  —  gujurly  ýaşlaryň  döredijilik  sergisi.  Onda
                                   çeperçilik akademiýasynyň gollary gujurly nakgaşlaryňdyr grafikaçy suratkeşleriniň,
                                   halyçylarydyr  küýzegärleriniň,  zergärleridir  binagärleriniň,  dizaýnerleridir  sungaty
                                   öwrenijleriniň  zereň  zehininden  dörän  eserlerini  synlamak  bolýar.  Sergide  jemi

                                   300 töweregi eser jemlenip, olar sungatyň taslama, durmuşy, natýurmort, portret,
                                   peýzaž, taryhy žanrlaryna degişlidir.
                                         Ýaş  nakgaşlar  ýurdumyzda  hormatly  Prezidentimiziň  tagallasy  bilen  gurlan
                                   iri  desgalar,  halkymyzyň  milli  ýörelgeleridir  däp-dessurlary,  türkmen  toýy,  tebigat
                                   gözelligi,  ajaýyp  döwrüň  nesilleriniň  bagtyýarlygy,  mahlasy,  durmuşyň  dürli
                                   pursatlaryny şekillendiripdirler. Portret žanryndaky nakgaşlyk işlerinde medeniýet
                                   we sungat ussatlarynyň keşbi suratlandyrylýar. Peýzaž žanrynda Diýarymyzyň dört
                                   paslyna mahsus bolan gözel görnüşler hem-de ýurdumyzyň täsinlikler dünýäsiniň
                                   şekili reňkleriň sazlaşygynda has-da ajaýyp görünýär. Umuman, tebigatdaky bar
                                   bolan baý gözellikler sungat eserlerinde synlamagyň täsiri başgaça bolaýýar.
                                         Ekspozisiýada tyllaýy öwüşginleri özünde jemleýän eser ýerleşdirilipdir. Gunça

                                   Ataýewanyň «Derwezedäki syýahatçylar» atly işi jahankeşdeleri haýrana goýýan,
                                   tebigatyň täsinligi bolan «Garagumuň ýalkymy» hakdaky eser juda täsirli.
                                         Zakirjan  Babaýewiň  «Halkara  deňiz  porty»  atly  eserinde  Türkmenbaşy
                                   Halkara deňiz portundaky işçileriň zähmeti görkezilýär. Suratkeş bu suratyny porta
                                   gidip döredipdir. Eserde iş pursatlar şekillendirilipdir. Argynsyz işleýänleri synlap,
                                   «Armaweriň!» diýesiň gelýär.
                                         Şowludan-şowly  çykan  eserler  synlaýana  ýakymly  duýgulary  bagyşlap,
                                   öz  deňinde  egleýär.  Ýaş  sungaty  öwreniji  Maksat  Çerkezowyň  suratkeş  Berdi
                                   Çaryýewiň döredijiligine bagyşlap taýýarlan kitapçasy özüniň çeper baýlygy bilen

                                   tapawutlanýar.  Kakageldi  Patdykowyň  hem-de  Ahat  Mälikowyň  bilelikde  ýasan
                                   «Sungat ägirtleri» atly heýkel eserinde kompozitor Nury Halmämmedowdyr şahyr
                                   Gurbannazar Ezizowyň heýkelleriniň sazlaşykly berilmegi heýkeltaraşlyk sungatynyň
                                   täsin taraplaryny özünde jemleýär.
                                         Dizaýnerleriň  we  grafikaçy  suratkeşleriň  taslama  işleri  pelsepewi  pikirleri
                                   özünde jemläp, sýužeti çözmeklige pikirlendirýär.














                                                                                                                                        МС
   282   283   284   285   286   287   288   289   290   291   292