Page 23 - Gujurly 2017
P. 23
SUNGATDA SPORTUŇ
WASPY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz 2017-nji
ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip yglan etdi we şu ýylda Türkmenistan
ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziada oýunlary geçirildi.
Biziň ýokary okuw mekdebimizde şol çärä bagyşlap birnäçe sergiler geçirildi. Şolaryň
arasynda “Gujurly ýaşlar” atly sergide zehinli talyp deň-duşlarymyz sportuň 21 görnüşi
boýunça birnäçe eserler döretdiler. Olardan Hijran Umarowa “Çempion” atly işinde
akademiýamyzyň “Grafika” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Begenç Jumagylyjowyň bilýard
oýnuna taýynlyk görüp duran pursadyny suratlandyrypdyr. Begenç Jumagylyjow 2017-
nji ýylda bilýard oýny boýunça Türkmenistan döwletimizde çempion adyna mynasyp
boldy. Şeýle-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziada oýunlarynyň
bilýard görnüşine hem gatnaşdy. Hijiran çeken eserinde diňe daşky keşbini meňzetmän,
eýsem onuň içki ruhy dünýäsini açyp görkezmäne başarypdyr. Suraý Rozygulyýewa
bolsa “Ýeňiji” atly portret eserinde ýokary okuw mekdebimiziň Grafika kafedrasynyň
1-nji ýyl talyby Akmyrat Akyýewiň Türkmenistan boýunça geçirilen sportuň kik-boksing
görnüşinden ýaryşyp birinji orny eýelän türgenimizi suratlandyrypdyr. Eserde Akmyradyň
ýaryşa taýynlyk görüp oturan pursaty görkezilýär. Umuman aýdanyňda Türkmenistanyň
Döwlet çeperçilik akademiýasynda okaýan talyplar diňe şekillendiriş sungatynda
zähmet çekmän, eýsem sport sungaty bilenem meşgullanýarlar. Nepes Nobatow
“Welotrek” atly işini türkmen türgeniniň daşary ýurt türgenleri bilen gyzgalaňly ýaryşyp
barýan wagtynda çekipdir. Ýaryşda Sähra Rejebowanyň “Aziada günleri” atly eserinde
ähli türkmen halkymyzyň ýurdumyzda geçirilen V Azia oýunlaryna uly buýsanç bilen
taýynlyk görüp ýören pursatlary şekillendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň geljek 2018-
nji ýyly “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan etmegi döredijilik bilen
meşgullanýan ýaşlara uly täsirini ýetirdi. Biziň talyp deň-duşlarymyz bolsa häzirden geljek
ýyl bilen baglanyşykly birnäçe eserleri ýerine ýetirdiler. Muňa mysal edip Döwletgeldi
Gurtmyradowyň “Beýik Ýüpek ýoly” atly keramika eseriini aýtmak bolýar.
“Gujurly ýaşlar” atly döredijilik sergisi Türkmenistanyň döwlet çeperçilik
akademiýasynyň zehinli ýaşlaryň sagdynlygy, ruhubelentligi, medeni mirasymyzy,
edebiýatymyzy giňden şöhlelendirýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar guramasy
hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň
ilkinji guramasy tarapyndan has tapawutlanan talyplara sowgatlar gowşuryldy. Bize
şular ýaly sergilere gatnaşyp zehinimizi artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän
Mähriban hem-de Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby
Maýa Baýjikowa
Mugallymlar gazeti
2017-nji ýylyň 22-nji dekabry
23