Page 22 - Gujurly 2017
P. 22

KALPLARDA GUJUR


                                                       BAR, HÜNÄRE SARPA ...








                         Hormatly  Prezidemtimiz:  “Döredilýän  eserler  durmuşdan  üzňe  däl-de,  çuň
                  mazmunly ýokary çeperçilikli, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny we durmuş hakykatyny
                  beýan  edýän  eserler  bolmalydyr.”  diýip  belleýär.    Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik
                  akademiýasynda  her  ýylyň  ahyrynda  “Gujurly  ýaşlar”  atly  talyplaryň  döredijilik
                  sergisi halk köpçüligine hödürlenilýär. Bu ýyl hem 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-ine
                  Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynyň  sergiler  jaýynda  bu  sergi  açyldy.
                  Çeperçilik taýdan aýratyn tapawutlanýan nakgaş,  heýkel, amaly-haşam sungatynyň
                  işleri  sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýaş suratkeşleriň eserlerinde hakykaty kabul etmegiň
                  özboluşlylygy,  çeper  akymlaryň  köpdürliligi,  halk  döredijiliginiň  däplerine  eýermek  we
                  häzirki  zaman  çeper  sungatynyň  özleşdirlendigini  duýmak  bolýar.  Ussat  halypalardan
                  bilim alan ýaş suratkeşleriň portret, peýzaž, taryhy, durmuşy žanrlarda  halkymyzyň milli
                  aýratynlyklaryny, tebigatymyzyň özboluşlylyklaryny,  taryhy ýadygärliklerimizi, geçmişimizi
                  we şu günümizi ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyrlar. Her bir adamyň öz işine
                  öz ýoluna ökdeligi bolýar. Ussat halypalardan tälim alan talyp ýaşlar hem şekillendiriş
                  sungatynyň  dürli  görnüşlerinde  durmuşyň  aýratyn  gözel  pursatlaryny,  tebigatymyzyň
                  gözelligini, galyberse-de gündizleri parahat, gijeleri asuda ak şäher hökmünde tanalýan
                  Aşgabat  şäherimiziň  gözel  künjeklerlini  ajaýyplygyny  wasp  edýärler.  Eserler  taslama
                  çözgüdiniň baýlygy bilen, reňk öwüşgünleriniň aýratynlygy bilen has-da tapawutlanýar.
                  Sergide hödürlenen işler ölçegleri boýunça ululygy bilen tapawutlandy. “Gujurly ýaşlar”
                  atly sergide Ş.Orazlyýewiň “Kyrk galandar”, B.Begsähedowyň “Golf”, Ý. Jumageldiýewiň
                  “Açylyş dabarasy”, M.Hudaýberdiýew “Täze obada toý”, S.Agaýewiň “Küştdepdi”,Z.Syt-
                  dyhowanyň “Sport”, J.Bäşimowanyň “Sazlaşyk” ýaly  ýene-de birnäçe döredijilik eserleri
                  giň halk köpçüligine hödürlendi.
                         Ýaş suratkeşleriň eserlerini synlap olaryň  tebigatymyzy, Watanymyzyň her bir daban
                  ýerini  jany-teni  bilen  söýýändiklerini  duýmak  bolýar.  Sergi  –  bu  suratkeşiň  synagydyr.
                  Sergilerde  hödürlenýän    sungat  eserleri  gözellik  hakyndaky  tämiz  duýgulary  oýarýar.
                  Sungat eserleri synlap adamlar dünýäni owadanlyga öwreliň diýesiň gelýär.  Sungatyň
                  hak howandary  Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, belent başy aman bolsun.




                                                              Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
                                                         “Jemgiýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy
                                                                                                 Maýa Halykberdiýewa.
                                                                                                     Edebiýat we sungat,
                                                                                            2017-nji ýylyň 22-nji dekabry














                  22
   17   18   19   20   21   22   23   24   25   26   27