Page 24 - Gujurly 2017
P. 24

GUJURLY GOLLAR





                         Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri çeperçilik sungatynyň ösüşine we many-
                  mazmunyna öz oňaýly täsirini ýetirdi. Çeperçilik sungatynyň ussatlarynyň, bu hünäri ele
                  alýan talyp ýaşlaryň döredijilik işine berilýän üns artdy.
                         15-nji  dekabrda  Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynyň  sergiler
                  jaýynda zehinli talyplaryň eserlerinden düzülen “Gujurly ýaşlar” atly sergi geçirildi. Her ýyl
                  geçirilmegi däbe öwrülen bu sergide talyp ýaşlar bu gezek hem aýratyn yhlas siňdirip
                  döreden  we  halypalaryň  synyndan  geçen  dürli  nakgaşçylyk  we  beýleki  çeperçilik
                  tärlerinde ýerine ýetiren işlerini görkezdiler.
                         Sergide  Tükmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynyň  talyby  Toýly
                  Çopanowyň işleri tomaşaçylaryň gyzyklanmalaryna mynasyp boldy. Häzire çenli ýerine
                  ýetiren  işleriniň  aglaba  böleginiň  çeper  eserler  esasynda  döredilen  eserlerdigi  ýaş
                  suratkeşiň sungat ýolunda ilkinji ädimlerinden göze ilýän aýratynlygydyr. Şeýle işleriň biri
                  “Syrly göçüm” diýlip atlandyrylypdyr. Toýly bu eserini ýazyjy Atajan Taganyň “Saragt
                  galasy” atly romany esasynda döredipdir.
                         Eserde  romanda  gürrüňi  edilýän  döwrüň  öňe  çykaran  şahsyýetleriniň  küşt
                  tagtasynyň  başynda  oturan  pursatlary  şekillendirilipdir.  Küşt  oýnaýanlaryň  we  olaryň
                  ýanyndaky beýleki adamlaryň bar ünsi oýunda indiki ediljek göçüme gönügipdir. Küşt
                  tagtasynda oýnuň üçünji tapgyrynyň gyzgalaňly pursady janlandyrylýar.
                  Küşt oýny iň gadymy oýunlaryňbiri. Taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä,
                  ilkinji türkmen küştçüsi Muhammet As-Sulydyr. Ýaş nakgaşyň işine syn edip, küştüň XIX
                  asyr türkmen durmuşynda hem meşhur bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Küşt diňe bir
                  oýun däl-de, durmuş, ugurtapyjylyk, sport, ylym we sungat hasap edilýär.
                         “Syrly  göçüm”  atly  nakgaşçylyk  işiniň  ýaşlarda  logiki  pikirlenmek  ukybyny
                  ösdürmekde, olarda küşt oýnuna söýgi döretmekde ähmiýeti uly bolar diýip aýtmak
                  bolar. Şunuň bilen bir hatarda ýaş nakgaşyň reňkleri ulanmak babatda ezberligi, şeýle
                  hem wakalaryň jümmüşinde görkezilýän pursatlaryň daş-töwerek bilen baglanyşygyny
                  tapmakdaky  özboluşly  çemeleşmeleri  üns  berilmegine  mynasypdyr.  Gündogar
                  binagärçiligini  we  Horezmiň  neçjarçylyk  sungatyny  görkezýän  köşki-eýwanyň  içki
                  görnüşi (interýeri) wakalaryň bolup geçýän döwrüni,zamanasyny göz öňüne  getirmäge
                  mümkinçilik berýär.
                         “Gujurly  ýaşlar”  atly  döredijilik  sergisi  Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik
                  akademiýasynyň  talyp  ýaşlarynyň  ajaýyp  döwrümiziň  ösüşlerini,  sagdynlygy,
                  ruhubelentligi, medeni mirasymyzy, edebiýatymyzy wasp etmek babatda gazanýan
                  kämillik derejesini giňden açyp görkezýän möhüm çäredir. Biz – ýaşlaryň hünär eýesi
                  bolup, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmagymyza giň mümkinçilikleri
                  döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag,il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç
                  bolsun!
                                                                                                          Azatgül Gulowa
                                                             Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
                                                                    Sungaty öwreniş kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby.
                                                                                                    Watan 2017-nji ýylyň
                                                                                                           16-njy dekabry




                  24
   19   20   21   22   23   24   25   26   27   28   29