2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň parahatçylyk ýörelgesiniň şekillendiriş sungatynda şöhlelenişi» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda «Hemişelik Bitaraplyk halkyň kämil ruhy dünýäsiniň baş binýadydyr», «Türkmen Bitaraplygy – ösüş arkaly parahatçylyk ýoly bilen», «Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy – taryhymyzyň şöhratly sahypasy», «Döredijilik eserlerinde parahatçylyk ýörelgesiniň şöhlelenilişi», «Hemişelik Bitaraplyk parahatçylygyň taglymatydyr», «Bilimli nesil – kuwwatly Watan» ýaly temalar boýunça çykyşlar ýerine ýetirildi.