Ýaş wagyzçylaryň üstünligi

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet intitutynyň tarapyndan gurnalan publisistik makalalary ýazmak boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly bäsleşikde «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Amangül Goçmyradowa II orun hormat haty hem-de 4-nji ýyl talyby Tumar Artykowa minnetdarlyk haty bilen sylaglandylar. Bu şatlykly waka bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň faýesinde mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda gutlamak üçin dabara geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm