«Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy üstünlikleri» atly gujurly ýaşlaryň bäsleşik sergisi

2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy üstünlikleri» atly gujurly ýaşlaryň bäsleşik sergisi açyldy. Bu sergi sungat muşdaklarynda täsirli pikirleri oýaryp bildi. Serginiň esasy düzüminde şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, grafika, dizaýn, binagärlik, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatyna degişli bolan halyçylyk gobelen, zergärçilik, külalçylyk önümleri hem-de sungaty öwrenijileriň türkmen sungatyna bagyşlanan kitaplary, albomlary görkezildi. Toý ruhuna beslenen halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, ýörelgelerini wasp edýän ýaş sutarkeşleriň sungat eserleri göwünleri joşdurdy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm