Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. 2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň many-mazmunyny açyp görkezýän hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny şöhlelendirýän döredijilik sergisi uly ähmiýete eýe boldy. Bu döredijilik sergisine ýurdumyzyň umumybilim berýän Aşgabat şäheriniň 16-19-njy orta mekdepleriniň okuwçylary gezelenç syýahatyna geldiler. Olara ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynda Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana uzaýan derek agajynyň, ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň, şeýle-de BMG-niň baýdagynyň bolmagy, bir ganaty Garaşsyzlygymyzy alamatlandyrýan ýaşyl reňkde, beýleki ganaty bolsa hemişelik Bitaraplygymyzy alamatlandyrýan gök reňkde bolan ak laçyn guşunyň, parahatçylygy aňladýan zeýtun baldajygynyň ýerleşdirilmegi nyşana çuň manyly öwüşgin berýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Bitaraplyk, Garaşsyzlyk we Abadançylyk binalarymyzyň şekil taslamalarynyň üsti bilen mukaddesliklerimiziň ähmiýetini beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm