«Geljegiň mirasy» atly halkara baýragy

2025-nji ýylyň 15-16-njy noýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde «Geljegiň mirasy» atly halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň uly mugallymy Babasary Annamyradow hem gatnaşyp «Geljegiň mirasy» atly halkara baýragy bilen sylaglandy.
2025-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Karary bilen esaslandyrylan bu halkara baýrak edebiýat, medeniýet, sungat, ylym, bilim hem-de sanly tehnologiýalar ulgamlarynda uly üstünlik gazanan ýerli we daşary ýurtly döredijilik işgärlerini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm