2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 12-15-nji noýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde «Art Expo» atly halkara sergisi geçirildi. Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň dekanynyň w.w.ý.ý, uly mugallym Roza Agahanowa, «Dizaýn» kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý, mugallym, nakgaş Amanmyrat Modyýew hem-de «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Bahar Pirgulyýewa gatnaşdylar. Bu sergisiniň çäginde «Medeni köprüleriniň dialog ýörelgesi we döwrebaplygy» atly geçirilen maslahatynda «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň dekanynyň w.w.ý.ý, uly mugallym Roza Agahanowa özüniň «Halkara dialog ýörelgesi we döwrebaplygy» atly temasy boýunça çykyş etdi. Şeýle-de «Art Expo» atly halkara sergisine «Dizaýn» kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý, mugallym, nakgaş Amanmyrat Modyýew hem-de «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Bahar Pirgulyýewa haly we nakgaşçylyk eserleri bilen gatnaşdylar.