Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini, halkymyzyň aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünliklerini, ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezenligi üçin, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy hem-de «Grafika» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Adylşa Annamuhammedow, «Grafika» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Aksona Saparmedowa, «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Bakygeldi Sytdyhow we «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Ýalkap Sähedow Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly at berildi. Şeýlelikde 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda bu şatlykly waka bilen ýaş mugallymlarymyzy we talybymyzy gutlamak üçin dabara geçirildi.