Türkmen zenany çeper döredijiligiň ussady
2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlaer guramasy tarapyndan ýokary okuw mekdebimiziň mejlisler jaýynda zenan mugallymlaryň hem-de talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda zenan döredijiligini giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmen zenany çeper döredijiligiň ussady» atly maslahaty geçirildi. Maslahatda türkmen zenanynyň çeper döredijilige bolan ussatlygy barada çykyşlar ýerine ýetirildi.
