Dost-doganlygyň medeni gatnaşyklary
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli medeni gymmatlyklarymyz halkara derejede giňden şöhlelendirilýär.Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyz dünýä we goňşy döwletleri bilen özara medeni gatnaşyklaryny saklap gelýär. TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Baş sekretary S.Raýewiň 2025-nji ýylyň 1-15-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Halkara çeperçilik sergisiniň hem-de onuň çäklerinde Türki dünýäniň çeperçilik akademiýasynyň Hormatly atlaryna mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýew we «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow gatnaşdylar. Türkiýe Respublikasynda geçirilen çäreler iki dost-doganlyk halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna itergi berdi. Geçirilen edebiýat we döredijilik hepdeligi Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de Türk edebiýatynyň gaznasynyň hyzmatdaşlygynda Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli neşir edilen «Türki dünýäde zenan we kelam» atly goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen açyldy.
Edebiýat we döredijilik hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy. Şeýle-de Türki dünýäniň çeperçilik akademiýasynyň doly agzasy, nyşan we sertifikat gowşurylyp, «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow Türki dünýäniň çeperçilik akademiýasynyň habarçy agzasy, nyşan we sertifikat bilen sylaglandylar.
Şeýle-de ussat heýkeltaraşyň eserleri TÜRKSOÝ tarapyndan Stambul şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan Türki dünýäniň nakgaşlarynyň sergisinde hem görkezildi. Bu bolsa türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň eserleriniň halkara derejede tanalýandygynyň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Geçirilen hepdeligiň dowamynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň edara binasynda Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy azat» eseriniň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi. Onda görnükli akyldar şahyryň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin çykyşlara orun berildi.
