«Türkmen sungatyna gadymy dünýägaraýyşlaryň täsiri» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda çykaran 344 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen 2025-2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen sungatyna gadymy dünýägaraýyşlaryň täsiri» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda «Çeper söz sungatynyň kämilleşmeginde nusgawy şahyrlaryň hyzmaty», «Alym Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde ýaşlary milli ruhda terbiýelemekdäki ähmiýeti», «Türkmen sungatynda edep-kadalaryň beýany», «Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen aragatnaşygynyň taryhyndan», «Halk döredijilik eserleri ruhy baýlygyň çeşmesidir», «Şekillendiriş sungatynda daşary ýurt döwletleriniň waspy» ýaly temalar boýunça çykyşlar ýerine ýetirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm