Hünäriniň ussatlary
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bilim ulgamynda üstünlikli derejeler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin kämil hünärmenleri ýetişdirmek halypa mugallymlaryň paýyna düşýär. Bilim ulgamynda bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler geçirilýär.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde «Aýyň mugallymy», «Aýyň kafedrasy», «Aýyň fakulteti» we «Aýyň talyby» bäsleşikleri geçirmegiň nusgalyk düzgünnamalarynda görkezilen talaplara laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2021-2022-nji okuw ýylynyň birinji ýarymýyllygynyň sentýabr aýynyň netijeleri boýunça köp ballar gazanan fakultetler we kafedralar, mugallymlar we talyplar seljerildi. Ýokary okuw mekdebiniň birnäçe mugallymlary okuw dersleri boýunça okuw kitaplaryny we gollanmalary taýýarlamakda, okuw sapaklaryny doly talabalaýyk alyp barmakda we gazet-žurnallarda, teleýaýlymlarda işjeň gatnaşyp çykyşlary ýerine ýetirmekde alyp baran işleriniň netijeleri ýokary ballar bilen kesgitlenildi.
«Aýyň mugallymy» adyna «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri Orazgözel Utomyşewa mynasyp boldy. Orazgözel Utomyşewanyň ýaňy ýakynda «Heýkel» atly okuw gollanmasy çapdan çykdy. Bu gollanama heýkeltaraşlyk sungaty bilen meşgullanýan ähli hünärmenlere, talyplara niýetlenendir. «Binagärlik» kafedrasynyň uly mugallymy Maýlymyrat Şaýlyýew «Aýyň mugallymy» adyna eýe bolup bu aýda mugallymyň «Häzirki zaman binagärlik materiallaryny öwrenmek» atly okuw kitaby çapdan çykdy. «Aýyň talyby» adyna «Dizaýn» kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Gammar Azalow mynasyp boldy. Talyp öz saýlap alan hünäri boýunça birnäçe bezeg taslamalaryny ýerine ýetirip, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. «Aýyň fakulteti» adyna «Amaly-haşam sungaty» fakulteti mynasyp bolup, «Aýyň kafedrasy» adyna bolsa «Binagärlik» kafedrasy mynasyp bolmagy başardylar. Geljek-de ähli halypa mugallymlara we talyplara hünär eýeleriniň ussady bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris.
Jemal Toryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy