Okuw sapagy üstünlikli tamamlandy

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem sebitimiziň goňşy döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklar we özara bähbitli hyzmatdaşlyklar esasynda yzygiderli ösýär.
Şeýlelikde 2025-nji ýylyň 1-10-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda miniatýura we altyn çaýyp sahypalary bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň geçirilişi üstünlikli tamamlady. Ussatlyk sapagynda Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleri çeperçilik akademiýasynyň ýaş talyplaryna miniatýura hem-de altyn çaýyp sahypalary bezemek sungatynyň inçe tilsimlerini öwretdiler. Gysga wagtyň içinde zehinli talyplar okuw sapagyny öwrenip, döreden eserlerini sergilediler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm