«Mekdebe öwrülen ömür» atly döredijilik sergisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti we sungaty gülläp ösýär. Şekillendiriş sungatynda häzirki döwrümiziň beýik taryhy ýazylýar. 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdymyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara ähmiýetli dabaralara uly orun berilýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçirilýän «Mekdebe öwrülen ömür» atly sergini uly goşant hökmünde bellemek gerek. Çünki, bu sergi ata-babalarymyzdan gelýän halypa we şägirtlik ýoluna eýerilip gurnaldy. Bu döredijilik sergisi bütin ömrüniň 60 ýylyny suratkeşlik we mugallymçylyk kärine bagyşlan, ajaýyp eserleri bilen sungatyň taryhyna giren we ýüzlerçe şägirtleri ýetişdiren görnükli halypa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň häzirki günde önjeýli işleýän birnäçe şägirtleriniň döredijilik işlerine bagyşlandy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm