«Hazyna eýesine hazynadar diýerler» atly okuw sapagy geçirildi

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem sebitimiziň goňşy döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklar we özara bähbitli hyzmatdaşlyklar esasynda yzygiderli ösýär.
Şeýlelikde 2025-nji ýylyň 1-10-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda miniatýura we altyn çaýyp sahypalary bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň geçirilişi üstünlikli başlady. Ussatlyk sapagynyň ilkinji gününde Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleri özüniň döredijilik eserlerini sungat ojagymyzda sergiledi. Sergide miniatýura eserleri özüniň ajaýyp inçeden çekilen şekilleri bilen tapawutlandy. Her bir döredilen eserde reňk öwügünli özboluşlulygy bilen aýratynlanýar. Iki dostlukly döwletleriň biri-birinden tejribe alyşmaklary arkaly döredijilik ukybyny kämilleşdirilýär. Ussatlyk sapaklarynyň geçirilişi ýaş talyplarymyz hem-de mugallymlarymyz üçin peýdaly tejribe boljakdygyna şübhesizdir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga berýän hemaýatlary üçin çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm